Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet ministri, Abu-Dabiniň “ADNOC” milli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Sultan bin Ahmed Sultan Al-Jaberi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýanyň, BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al Maktumyň hem-de Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent serkerdebaşysy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýanyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy. Ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar turuwbaşdan deňhukukly, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň we hoşniýetli erk-islegiň esasynda guralýar. Milli Liderimiz BAE-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi hem-de ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa senagaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamlarynda iki ýurduň özara gatnaşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan uzakmöhletleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna täze işläp düzmeleri ornaşdyrmagy ugur edinýär. BAE-niň döwlet ministri öz nobatynda arap kompaniýalarynyň öňdengörüjilikli energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şol strategiýa nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlaryny diwersifkasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Myhman türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, muňa diňe garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanan baý nebitgaz serişdeleri däl-de, eýsem, ýurtda işewürlik üçin ähli şertleriň, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we okgunly ykdysady ösüşiň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we BAE-niň döwlet ministri Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem iki dostukly ýurtlaryň we olaryň halklarynyň bähbidine has-da berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adab gatnaşdy....
Ýazylan wagty: 10 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 160 Jogaplar: 0
В Ашхабаде обсудили принципы и этику работы сотрудников исправительных колоний
В Ашхабаде обсудили принципы и этику работы сотрудников исправительных колонийПредставители правоохранительных органов и пенитенциарных учреждений из различных регионов Туркменистана обсудили принципы и этику работы сотрудников исправительных колоний во время организованного ОБСЕ обучающего курса, который завершился в Ашхабаде....
Ýazylan wagty: 05 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 267 Jogaplar: 0
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýazylan wagty: 05 марта 2016 Ýazan NEXTTM
1 Okalan sany: 306 Jogaplar: 0
Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamy: halkara ölçegleriniň derejesinde
Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamy: halkara ölçegleriniň derejesinde...
Ýazylan wagty: 05 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 344 Jogaplar: 0
Güýç-kuwwat, ýeňşe bolan erk hem-de sagdyn ruh
Güýç-kuwwat, ýeňşe bolan erk hem-de sagdyn ruh
Ýazylan wagty: 05 марта 2016 Ýazan NEXTTM
1 Okalan sany: 326 Jogaplar: 0
Ýylyñ işewür zenany
Ýazylan wagty: 04 марта 2016 Ýazan NEXTTM
2 Okalan sany: 471 Jogaplar: 1
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ý...
Ýazylan wagty: 02 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 333 Jogaplar: 0
WITAMINLER
Ýazylan wagty: 02 марта 2016 Ýazan NEXTTM
1 Okalan sany: 399 Jogaplar: 0
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi...
Ýazylan wagty: 01 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 322 Jogaplar: 0
Türkmenistanda halkara ulag geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda halkara ulag geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
Ýazylan wagty: 01 марта 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 372 Jogaplar: 0
Türkmenistan-ÝHHG: parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň ýoly bilen
24-26-njy fewral aralygynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nu...
Ýazylan wagty: 29 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 477 Jogaplar: 0
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berdi
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 1013 Jogaplar: 0
Ar­tyk­maç ag­ram­dan dyn­dar­ýar
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 276 Jogaplar: 0
Gün­de bir al­ma
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 308 Jogaplar: 0
Kos­mos­da il­kin­ji gül açyl­dy
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 322 Jogaplar: 0
Ýatkeşligi ösdürýän önümler
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 430 Jogaplar: 0
Ýü­rek ur­şu­ny uzak­dan öl­çäp bol­ýar
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 232 Jogaplar: 0
2016 – Dä­ne­li ekin­le­riň hal­ka­ra ýy­ly
Ýazylan wagty: 26 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
0 Okalan sany: 313 Jogaplar: 0
Ussat suratkeş Kakageldi Gurbangeldiýewiň sergisi
Kakageldi Gurbangeldiýew türkmen nakgaş...
Ýazylan wagty: 25 февраля 2016 Ýazan NEXTTM
1 Okalan sany: 586 Jogaplar: 0
«« « 416 417 418 419 420 422 423 424 425 426 » »»

О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,22841 sek. ýüklenen baýt: 51618