Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gudratly çeşme baradaky rowaýat
Ýazylan wagty: 16 августа 2013 Ýazan Sasoltan

      Obanyň ýaşulylary Arçman çeşmesi barada dürli rowaýatlary aýdyp berýärdiler. Bu rowaýatyň ýazlyp alnanyna bolsa 40 ýyla golaý wagt geçdi. «Rowaýat bolmaýar bolmasa jany» diýişleri ýaly rowaýat boş ýerden döremeýär. Halk geçmişiň gözbaşy. Türkmeniň keramatly ýerleriniň biri bolan Arçman ata hakyndaky rowaýaty size ýetirmegi makul bildik.


     Ümmülmez türkmen sährasynyň günorta-gündogarynda keserip ýatan Köpetdagyň bir bölegine «Degirmen dag»  diýilýär. Dilkaw-dilkaw  «Degirmen dag», hamana, küren obanyň daşyna öwrülmek üçin ýaý beren ýaly. Harsaň-harsaň dag daşlarynyň arasyndan bir çeşme syzyp çykýar. Ol çeşmäniň adyna  «Arçman çeşmesi» diýilýär. Çeşme hakynda rowaýat köki  döredilipdir. Öňde bir şahyryň: «Rowaýat bolmaýar, bolmasa jany» diýişi ýaly, rowaýatam boş ýerden döremeýär.      Degirmen dagynyň demirgazyk –gündogarynda, dagdan ençeme menzil daşda, Garagumyň jümmüşinde «Baleýşem» atly süýji suwly guýy bolupdyr. Ol guýynyň başynda ullakan bir oba bar eken. Ol obanyň ýaşulysyna Ötgür han diýilipdir. Ol diýseň batyr hem edermen, obasyny her bir betniýetden gorap bilýän, myhmansöýer, paýhasly adam bolupdyr. Ötgür han obasynyň ulusyny –kiçisini deň görüp, adamlaryň gaýgy-hasratyny, şatlygyny deň-derman  paýlaşypdyr. Şonuň üçinem il-gün ony gowy görüpdir, ondan geňeşsiz çöp başy gymyldamandyr. «Çöl börüsiz bolmaz, il ogrusyz» diýilişi ýaly, bu obanyňam näletkerdeleri bar eken. Olaryň biri Zulman kempir, beýlekisine Çaman ýempeý(leň) diýilýän ekeni. Zulman kempir adamlara ýamanlyklar edipdir. Meýdan otlaryndan, ösümlüklerden zyýanly zatlar ýasaýan pişesi zerarly obadan kowulypdyr. Zulman obadan daşda dag eteginde ýerkümede ýaşaberipdir. Oba örän seýrek iýmit we eşik almaga geler eken. Çaman leň bolsa örän gybatkeş eken. Diýilmedik zady diýdirip, agzalmadyk zady gorjalap, agzalalyk döreder eken. Şonuň üçin Hudaý oňa göz görkezipdir. Ol ömürlik maýyp bolup galypdyr. Çaman ýempeý ady-da şondan galypdyr. Günleriň birinde Ötgür han obasynyň garawul depelerinde gözegçilige goýan ýigitleriniň biri hanyň ýanyna  atyny säpjedip gelipdir. Ötgür han ýigidiň habaryny alypdyr.


      — Näme habar, aýdyber ogul?!


     — Han aga, biziň obamyzdan uzagrakda, dag eteginde garawul depäniň golaýragyndaky çopan goşunda ýagşyzada sypatly dört kişi düşledi, özlerem ak eşikli.


     — Be? Ýaraglaram barmy?


     — Ýok. Ýöne daşyndan bihal adamlar däldigi, keramatlydyklary bildirip dur.


     — Çaparlar! Tiz ýetiň! Ol mysapyrlary oba çagyryň! Onýança oba adamlaram ýygnanşar.


     Iberilen ýigitler Degirmen dag  sary at salyp okdurylyp  gidipdirler. Barýarkalar çaparlaryň biri: «Ýigitler! Ýagşyzada sypat bolsalar, olarda bir gudrat-a bardyr. Geliň niýet edip göreliň, keramatly bolsa, niýetiň kabul bolarmyş», diýen. Geliň, şeýle niýet edeliň. Baranymyzda atlarymyza ter ýorunja, suwa ýakmaga-da süýt bolsun. Neneň görýäňiz.


      Çaparlar soňky ahwalata haýran galypdyrlar. Dagdan inýän keýikleriň süýdi özünden-özi nowalara sagylýarmyş. At daňyljak  gazyklaryň ýanynda ter desse ýorunjalar taýýarmyş. Bular güman edenlerine müň toba edip, bu dört kişiden ötünç sorapdyrlar.


      «Ötgür hanyňka ýygnanmaly!»  diýen habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrapdyr. Ilat ýygnanypdyr. Çaparlaram mysapyrlar bilen ýetip gelipdirler. Saglyk-amanlyk soraşylyp, nahar-şordan soň, Ötgür han ýigitlerine ýüzlenipdir.


     — «Myhman ataňdan uly» diýlen halk nakyly bar. Habaryňyzy göwnüňüziň islän wagty aýdyp bilersiňiz. Adamlary bolsa, sizi görmekleri, aýdylanlara şaýat bolmaklary üçin çagyrdym. Dört ýigidiň ýaşulyragy öňe saýlanyp, sypaýçylyk bilen Ötgür hana ýüzlenipdir.


    — Han aga, nahar-çaýdan kemimiz  ýok. Duzuňyz –çöregiňiz, myhmanpazarlygyňyz üçin taňyrýalkasyn. Habarymyzy alaýyň. Ýüz gözü nurana ýigit sözüni dowam edipdir.


    — Biz bagtyň gözlegine çykdyk.


    — Hünäriňiz barmy?! Eliňizden näme gelýär? – diýip, Ötgür han habar gatypdyr.


     — Hawa. Adamlara hat-sowat öwredip bilýän. Köp ylymlardan başym çykýar. Ismime-de Gara Melik diýýärler.


    — Örän ýagşy.


    Ýigitleriň ikinjisi  mylaýym, jana ýakymly sesi bilen:


    — Maňa Şyh Zenun diýerler. Tebipçilikden, lukmançylyk  ylymlaryndan başym çykýar. Adamlara  dellalatym  degýär. Soňra beýleki iki ýigidem öz habaryny beripdir:


   — Ynha, meniň dünýäde iň uly ýaragym-kärim, bag-bakjaň diline düşünýän, miweli-miwesiz agaçlardan ösdürip bilmejegim ýok. Ismimi sorasaňyz Goçgar.


    Meniň bolsa bar baýlygym şu taýak  — diýip, ýigitleriň iň ýaşykiçisi, goşarlary ojar ýaly burum-burum bolup duran iň daýawy Arçman çopan egri taýagyny Ötgür hanyň öňüne oklapdyr. Men dowarlary haýsy pasylda, nähili bakmalydygyny, haçan özürip, näwagt suwa ýakmalydygyny bilýän. Onuň daşyndan tüýdük çalýan, itleriň, guşlaryň, keýikleriň diline-de düşünýän...


    — Ötgür ardynjyrapdyr:


    — Adamlar! Siz ýigitleri diňlediňiz. Ýigitler sizem bagtyňyzy şu toprakdan tapmasaňyz başga hiç  ýerdenem tapmarsyňyz. Obamyzda galyň. Sekiz ganat ak öý tutup bereli. Oba adamlary Ötgür hanyň aýdanlaryny makullapdyrlar. Dörtler özara maslahatlaşyp galarman bolupdyrlar.


     Gara Melik obanyň ulusuna-kiçisine sowgat öwretse, Şyh Zenun em edipdir. Goçgar bag-bakjaň ylmyna düşüp gülzarlyk döredipdir. Arçman çopan öz itleri bilen dowarlaryň azaryny hiç kime ýetirmändir. Ýyllar geçipdir. Arçman çopandan özgesi öýli-işikli  bolupdyr. Daýawdan syratly, görmegeý Arçman iň ýaşlary bolansoň, öýlenmäge o diýen bir howlukmandyram. Tüýdüklerinde täze-täze şirin heňler döredipdir. Arçman çopan öýlenmäge howlukmasa-da howlukmandyr. welin, günleriň bir güni «yşk ody çabrapdyr». Ýüregi bitakat bolup, dünýäsi daralypdyr.

           Dowamy bar.                                                                         Dowamy bar.
Okalan sany: 835   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06296 sek. ýüklenen baýt: 43640