Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gudratly çeşme baradaky rowaýatyň dowamy.
Ýazylan wagty: 18 августа 2013 Ýazan Sasoltan

  DOWAMY   ...Günortanyň jokrama yssysy düşüp-düşmänkä, dowarlaryny «Baleýşem» guýysyna inderen çopanyň gözi baharda açylan çölüň gülälegini ýadyňa salýan nowjuwan gyza düşýär. Ejap edip, gyssanyp arany açmakçy bolup, küýzesini suwdan dolduryp ugran gyza ýüzlenenini duýman galýar.


     — A gyz, aýak çekseňizläň!


    Küýzeli gyz biygtyýar aýak çekýär.


    — Jürdegimi, tüňçämi gyssagarada goşda galdyrypdyrn, rugsat etseňiz, küýzäňizden bir suw içip bolmazmyka?


     Al ýaňaklaryna enar reňkiniň öwüşgüni ýaýran gyz utanyp küýzesini uzadan. Ýaş dogumly çopanyň bokurdagy gurap, dili kentlewügine ýelmeşen ýaly, hiç zat aýdyp bilmändir. Şol mahalam bir ýerden Çaman ýempeý peýda bolupdyr. Gyza ýüzlenipdir.


   — Küýzäňden maňa-da suw bersene!


   — Men obaň haýsy bir suwsap ýörenini suwdan gandyraýyn! Oba suw ber, muňa suw ber – diýip, gaharlanan bolup, gyz küýzesini alyp ugraberipdir. Çaman ýempeý iki juwanyň bir-birine mähriniň gidendigini aňypdyr. Gyz nirä gitse yzarlaýar. Pikir ede-ede çopanyň ýoguna ýanmagyň kül-küline düşýär.Ýöne hany oňa gaýrat? Onuň kel kellesine bir pikir gelýär. Zulman kempiriň ýanyna gidýär, oňa baryny bolşy-bolşy ýaly aýdýar. Kempirem eger aklygyny ýetirse, oňa güýçli bir zyýanly ergin bermegi wada berýär. Çaman leň kempirden zäher alýar. «Sen şuny Arçman çopanyň ýatan ýerine sep, özüň welin ägä bolgun!» - diýip,  kempir ölüň sargydyny edýär. Çaman kempiriň öýünden çykyşyna, tupanda azaşyp, ölümiň öýünde bir çopan goşunyň üstünden barýar. Olam Arçman çopanyňky eken. Ýaş çopan ony gadyrly garşylaýar, nahar-şor edinýärler. Oba barýan ugry salgy berip, özüniň çakdanaşa ýadawdygyny, az-kem dynjyny aljakdygyny aýdýar. Ötünç sorap garaşýar. Garny doýup, çaýdan keýpini kökläp özüne gelen  Çaman ýempeýe-de geregi şol. Giden ýaly edip depeden aşýar-da, az wagtdan yzyna gaýdyp gelýär. Çopanyň ukudadygyndan peýdalanyp, kempiriň beren gutujygyny çykarýar. Arçmanyň ýatan düşeginiň üstüne sepip ugraýar weli, rejäni halamadyk çopanyň wepaly iti Basar bir zatlary aňyp, üýrüp başlapdyr. Çamanyň üstüne özüni oklapdyr.


     Çaman aljyrap, zäherli gutujygy öz ýakasyndan goýberýär. Arçman çopan hiç bir üýtgeşiklik aňmaýar. Bu wakadan soň kän wagt geçmänkä, Zulman kempiriň ýasan awusy öz täsirini ýüze çykaryp başlaýar. Zäherden däri-dermanlar-da asgyn gelenmişin. Arçman çopanyň endamyna duruşuna gijilewük örýär. Gijelewük bütin endama ýaýrap, iriňli başlara öwrülipdir. Soňra ýüzi, endamy gotur açyp, ýaş görmegeý çopan tanar ýaly bolmandyr. Adamlar soňa baka dowarlarnam oňa bakdyrmak islemändirler. Ötgür hanyň ýanyna baryp, arz-şikaýat edipdirler.


    — Han aga, biz-ä malymyzy Arçmana ynanyp biljek däl. Onuň gotury mallarymyza-da, galyberse-de özümüze-de ýaýramagy mümkin. Şonuň üçin ony obadan çykaryp göýbermek gerek. Ötgür hanyň Arçmany göýberesi gelmändir. Onuň göz-gülban keşbini görüp:


   —Sen biziň günämizi öt ogul. Biziň başga alajymyz ýok. Derdiňden saplanan günüň dolan-da geläý. Dag etegräginderäk boluber. Uzaga gitme. Habar tutar durarys, hiç zatdan hor etmeris, diýip sypaýçylykly gürläpdir. Ýüregi awapdyr. Gaty gynanypdyr. Alajyny gözläpdir. Arçman çopan sesini-üýnüni çykarman, obadan arany açypdyr. Sähra gyz-da agyr aýralygyň dagyna döz gelip, sesini çykarman, öz ýanyndan hoşlaşypdyr. Çaman ýempeý welin, Zulman kempire ýene aklyk emläp, öz derdiniň dermanyny alypdyr. Sährany alyp bilmejegine göz ýetirenden soň bolsa, akylyndan azaşyp, çöl-beýewana tutdurypdyr. Arçman çopan ýüzüni keremli daglara tutduryp, şol ýerde gowakda ýaşaberipdir. Bir günem dag tekesiniň owlagynyň zaryn mälemesine oýanypdyr. Görse ene keýigiň aýagy döwlüp, daş arasynda duran, ýanynda-da  ekiz owlaklary bar diýýär. Çopanyň nebsi agyryp, tüýdügi bilen döwlen aýagy berkleýär, ýan torbasynyň bagyny ýolup saraýar, dagyň gara şepbigi-mumiýa bilenem döwlen aýagyň suwap-seýikleýär. Çopanyň kömegini alan ene keýik, owlaklary bilen hiç hili howpuň ýokdugyny aňlapdyr. Mähnet daşyň ýanyna baryp, burum-burum şahlaryny daşa degirip, maňlaýyny daşa süýkemäge  duranmyş. Arçman çopan bir ahwalatyň bardygyny aňlap, daşyň ýanyna barypdyr. Berdaşly gollary bilen daşy ýerinden gozgap Arçman çopan ony honda oklap goýberipdir. Daşyň aşagyndan çeşme suwunuň syzyp durandygyna akly haýran galýar. Asmana seredip, Taňra müň kerem alkyş aýdypdyr. Az wagtdan ol ýerde kölçe emele gelipdir. Kölçäniň suwundan içip, suwa düşen Arçman öz gözlerine ynanmandyr. Endamyndaky, ýüz-gözündäki ýaralar, düwürtikler sapagy üzülen hünji ýaly dökülenmişin. Arçman az wagtdan, kemsiz özüne gelenden soň. «Baleýşem» guýusyny nazarlap, Ötgür hanyň obasyna gaýdypdyr. Hadysalary boluşy-boluşy ýaly aýdyp beripdir. Oba ýaşulylary çeşme boýuna göçmekligi karar edipdirler. Toý tutulyp, çopan maksadyna ýetipdir.


    — Çeşmäniň ady bolsa, «Arçman çeşmesi» bolup galypdyr. Wagt geçipdir. Ýaşlar ötüşipdir. Goçgar ata, Şyh Zenyn, Gara Melik, Arçman ata: «Kazamyz dolup, dünýäden ötsek bizi obamyzyň dört künjünde ýerleseňiz, biziň ruhumyz sizi hemişe bela-beterlerden gorar» diýip, wesýet edipdirler. Keramatlylaryň wesýetleri berjaý edilipdir.


    — Bu günler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman we mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Arçman çeşmesiniň boýy we şypahanasynyň keşbi tanalmaz derejede üýtgäp, bütindünýä äşgär boldy. Bagtyýarlygyň bagt güni Arçmandaky Degirmen dagynyň ýokarsynda dogup äleme şuglasyny saçýar. Ol ýere gelip saglygyny dikeldýänleriň sany gün-günde artýar.


Okalan sany: 562   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
18 августа 2013

Henize çenli hiç ýerde ýazylmadyk gyzykly rowaýaty okamagy ähliňize maslahat berýärin...


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08546 sek. ýüklenen baýt: 39205