Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýokary tizlikli uçar
Ýazylan wagty: 21 августа 2013 Ýazan Sasoltan


     Germaniýanyň aerokosmos
agentligi sesiň çaltlygyndan 24 esse tiz uçýan «SpaceLiner» uçarynyň
önümçiligine girişipdir. Bu taslamanyň koordinatory Martin Sippeliň aýtmagyna
görä, bu tizlikdäki uçar Ýewropadyr ABŞ-nyň aralygyny bir sagatda geçmäge
niýetlenendir. 2050-nji ýylda ulanyşa berilmegi göz öňünde tutulýan sesden çalt
hereketli uçar wodorod ýangyjynyň kömegi bilen tizligini sagatda 24 müň
kilometre ýetirip, 12 müň kilometre ýetýän aralygy ýarym sagatda geçmäge
ukyplydyr. Bu barada habar beren «TechNewsDaily» neşiriň sahypalarynda
«SpaceLiner» uçarynyň hyzmatyndan peýdalanan ýolagçylaryň 50-siniň (bir
gezekde) uçuşyny howa gatlagynyň ýokarky gatynda amala aşyrjak uçaryň kömegi
arkaly Londan bilen Sidneýiň aralygyny 90 minutda geçmäge mümkinçilik aljakdygy
aýdylýar. Bilermenler toparynyň hasaplamalaryna laýyklykda, günde 15-e golaý
uçuşy amala aşyrjak uçaryň petekleriniň bahalary 2-3 ýüz müň dollar möçberinde
bolar diýlip çaklanylýar.



Okalan sany: 328   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
21 августа 2013

tuweleme herhili taze tehnika 4ykyaray, tuweleme, sagbol awtor yetirip durun!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07196 sek. ýüklenen baýt: 30612