Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
sportçylar maşgalasy
Ýazylan wagty: 22 августа 2013 Ýazan Sasoltan




   Maşgalanyň bagty  çagalaryň ilhalar, ýurt abraýyna şärik bolup
ýetişmeklerini gazanmagyndadyr. Türkemeniň ata-baba geçmişden gelýän edähedi
hem çagalary bir käre, bir ugra ugrukdyrmak bolup durýar. Şeýdilse çaga öz
ýoluny tapýar. Saýlap alan kärinde abraý alýar. Üstünlik gazanýar. Durmuşda öz
ornuny tapýar.



  Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde
ýaşaýan Eminowlaryň maşgalasy Bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar maşgalasydyr. 12
çagany terbiýeläp ýetişdirýän Geldimyratdyr Dilber Eminowlary döwrümiziň bagtly
ata-enesi hasaplasa bolar. Olaryň 5 ogly, 7 gyzy bar. Ýaňyja dünýä inen 12-nji
çaganyň ogul bolmagy olary diýseň begendirdi. Onuň sebäbi maşgaladaky uly
ogullaryň 3-si sport bilen meşgullanýar. Maşgalanyň iň uly ogly Eminbaý Eminow
6 ýaşyndan bäri gimnastika bilen meşgullanýar. Ol welaýat, döwlet derejesindäki
ýaryşlara gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Munuň özi onuň türkmen
sportunyň ösmegine önjeýli goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Ol häzir
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby. Geçen okuw
ýylynda Eminbaý öz ukypdyr tejribesini artdyrmak üçin Gazagystanda
türgenleşikde bolup geldi.



      Maşgalanyň  ikinji ýaş türgenine Şabeg diýýärler. Şabeg
hem agasy Eminbaýyň yzyna eýerip, sportuň dzýu-do ugruny saýlap aldy. Ol mekdep
okuwçysydygyna garamazdan öz ugry boýunça ýaryşlara  gatnaşyp, ýokary orunlara mynasyp boldy. Şabeg
häzir Aşgabat şäherindäki «Olimp» sport mekdebiniň ýokary synpynda okaýar. Onuň
gazanýan netijeleri hem örän öwerliklidir. Geçen ýyl özi bilen agramdaş
oglanlaryň arasynda Balkan we Mary welaýatlarynda geçirilen ýaryşlarda öňdäki
orunlary eýelemegi başardy. Şeýle üstünlige ýetilmeginde ene-atanyň
hemaýatynyň, tälimçi Ahmet Altyýewiň talabedijiliginiň uly ähmiýeti bar. 15
ýaşly Şabegiň 1998-1999-njy ýyllarda doglan çagalaryň arasynda Tompeý adasynda
geçiriljek Bütindünýä ýaryşyna taýýarlyk görýändigi göwnüňi galkyndyrýar.



       Bu abraýly maşgalanyň beýleki
bir ogly Şükürylladyr. Ol hem agalarynyň kesbine eýerip, sportuň dzýu-do hem-de
sambo görnüşleri bilen meşgullanýar. Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebinde
okaýar. Mekdebiň tälimçisi Şirin Kubaýewanyň Şükürylladan göwni hoş. Şükürylla
öz ukybyny artdyrmak üçin «Ýaş
Olimpiýaçylar» sport mekdebinde okamagyň synagyndan geçmäge taýýarlyk-
türgenleşik işlerini güýçli depginde alyp barýar. Ol şeýdip maksatly ýoly
saýlamagy kalbynda besleýär. Şeýle arzyly käri saýlan türgeniň bolsa ýoly
akdyr.



        Ýurdumyzyň sport ulgamynyň ösmegine çagalarynyň
goşant goşmagyny maksat edinýän  köp
çagaly maşgalanyň ýene 2 ogly bar. Olaryň biri 6 ýaşynda,  beýlekisi bolsa heniz gundakda. Soňy bilen
olaryň hem agalarynyň kesbine eýerjekdigine ynansa bolar. Sebäbi bu maşgala
türkmen sportuny ösdürmeklige giň ýol açylan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk
döwründe ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki sport desgalary bolsa türkmeniň
ogul-gyzyna niýetlenendir. Ol desgalarda sportuň ähli ugurlary bilen
meşgullanmaga mümkinçilik bar. Şeýle üpjünçiligi bolan döwletde bolsa maşgala
abatlygy  höküm  sürýär. Munuň üçin Berkarar döwletiň
bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ene-atalary bolan Dilberdir  Geldimyradyň  Hormatly Prezidentimize, häzirki bagtyýarlyk
döwrümize  guwanjynyň çägi ýok. Sebäbi bu
maşgala öz bagtyny türkmen sportunda görýär.



                                                  

Okalan sany: 390   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07151 sek. ýüklenen baýt: 35345