Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GÖREŞIJILERIŇ SPORT ÜSTÜNLIKLERINIŇ GURLUŞY
Ýazylan wagty: 08 февраля 2019 Ýazan Mayichka
GÖREŞIJILERIŇ SPORT ÜSTÜNLIKLERINIŇ GURLUŞY Bu bölümiň ady göreşiň ol ýa-da beýleki görnüşiniň mekdebiniň faktorlary baradaky düşünjelere esaslanyp, türgenleriň taýýarlygynyň kesgitli ýoluny görkezýänligini aňladýar. Bu hakykatdan-da şeýle, ýöne bu netijä birden gelmediler. Sportda üstünlikleriň gurluşynyň meseleleri dolulygyna öwrenilmedik. 80-nji ýyllarda Çehoslowakiýanyň alymlary sport üstünliginiň köpdürli we çylşyrymly nazaryýet sowallaryny görkezdiler. Ýöne olar jedelleri we garşylyklary ýüze çykardylar. Sebäbi sportuň ähli görnüşleri üçin olar ýeke-täk görnüşde berildiler. Türgenleriň üstünlikleriniň esasy agram faktorlary baradaky maglumatlar köpbasgançaklylygy döredip, bu umumy gurluşyň içine girdi. Şeýle umumy nazaryýet ýagdaýlaryndan sportuň dürli görnüşinde türgenleşmeleriň aýratyn ugurlary kesgitlenilmelidi. Ýöne ulgamlaýyn geçişiň girizilmegi sport üstünliginiň gurluşynyň abstrakt düşünjesi sportuň islendik görnüşi üçin bu meseläniň çuň we takyk gurnamasynyň ýerini tutup bilmeýänligini tassyklady. Sebäbi gurluşyň gymmatlygy - onuň takyklygyndadyr. Şeýle gurluş her bir tälimçä ýaryş işjeňliginiň seljermesiniň esasynda sportuň anyk görnüşinde şowlulyga eltýän faktorlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz gezeginde türgenleşme we türgenleşmeden daşary işjeňligiň mazmunyny maksada okgunly döretmäge mümkinçilik berýär. Tälimçileriň iş tejribesini jemlemek we ulgamlaşdyrmak – göreşijileriň sport üstünliginiň nazaryýet şekilini gurmaklygyň seýrek ýollarynyň biridir. “Göreşiň anyk görnüşiniň mekdebi” düşünjesi bu mekdebiň türgenleriniň türgenleşmesini, türgenleşmeden daşary işjeňligini we ýaryş işjeňliginiň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Diýmek, göreşiň anyk görnüşiniň ol ýa-da beýleki mekdebi ýaryş üstünlikleriniň gurluşyna düşünmekligiň esasynda kämilleşýär. Sport üstünlikleriniň gurluşynyň köp faktorlaýynlygy we bu meseläniň dürli pikirleri türgenleşmäniň mazmunyna bolan dürli geçişleri döredýär. Şonuň üçinem dünýäniň islendik ýurtlaryndaky milli mekdepler biri-biriniňkä gabat gelmeýär. Käbir ýurtlarda - usuly-tär we güýç taýýarlyga, beýleki ýurtlarda – maýyşgaklygyň kämilleşdirilmegine we tizlik taýýarlygyna, üçünji ýurtda – güýjüň we çydamlylygyň kämilleşmeginde usullaryň aňsat görnüşleriniň özleşdirilmegine üns berilýär. Türgenleşme we türgenleşmeden daşary işjeňligiň ugry göreşijileriň özbaşdak fiziki we psihiki häsiýetleriniň toplumy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýokary netijelere ýetmek üçin zerur bolan şeýle şahsy şertleriň toplum 5-nji gurluşda görkezilendir. Bu ýazgy beýanlary sport uýgunlaşmasynyň we saýlanyp alnyşyň meseleleriniň uzak wagtlaýyn barlaglary netijesinde alyndy.
Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,46399 sek. ýüklenen baýt: 31098