Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BAŞA-BAŞ GÖREŞIJILERIŇ SPORT HEREKETLERINE PSIHOLOGIKI HÄSIÝETNAMA
Ýazylan wagty: 08 февраля 2019 Ýazan Mayichka
BAŞA-BAŞ GÖREŞIJILERIŇ SPORT HEREKETLERINE PSIHOLOGIKI HÄSIÝETNAMA Beden taýdan kämilleşmeklige ymtylyş we ýaryşlaryň atmosferasy başa-baş göreşijileriň beden güýçleriniň çäkli dartgynlylygyny, psihiki gönükmeleriň ýokary derejesini talap edýär. Şonuň üçin türgeniň şahsy psihologiki aýratynlyklary, onuň psiologiki ýagdaýy, paýhaslylyk başarnyklary uly ähmiýete eýedir. Başa-baş göreş beden ýüklemeleriniň netijeliligi we beden şertleriniň şöhlelenmeleri, türgeniň ýagdaýyna tomaşaçylaryň ýokary derejede täsir edijiligi, ýörite goldawyň uly diapazonly nyşany görnüşlerde häsiýetlendirilýär. Şahsyýetiň gurluşynyň, haýbatlylyk we tolgundyryjy ýagdaýynyň, meňzemekligiň, oýanyş derejesiniň we gönükdirilişiniň barlaglary türgenleriň işleriniň psihiki sazlaşygynyň aýratynlyklary barada düşünjeleri berýär. Diňe bir türgenleriň şahsy aýratynlyklaryny däl, eýsem toparlaryň içki we toparara gatnaşyklarynyň sosial-psihiki kanunalaýyklyklary (türgen – türgen, türgen – tälimçi, tälimçi – tälimçi we ş.m.) başa-baş göreşijileriň howsalaly närselerini we psihikasynyň durnuklylyk şertlerini ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Başa-baş göreşijileriň tutluşygy – bu diňe bir iki sany şahsyýetiň gapma-garşylygy däl-de, eýsem nünkin iki sany mekdebiň, iki sany milli däpleriň tutluşygydyr. Gadymy wagtlardan bäri başa-baş göreşini tutluşyklaryň ruhuny, ahlak manysyny kesgitleýän dürli düzgünnamalaryň, kanunlaryň, wezipeleriň ýalkymly şöhlesi gaplap alypdyr. Has soňrak tutluşyklaryň mazmunyna syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň öwüşginleri täsir edip başlapdyr. Bularyň ählisi sportuň başa-baş göreşleriniň tehniki-taktiki häsiýetnamasyny bilelikde düzüp, “däp” diýlip atlandyrylan medeniýet gatlagyny kesgitlemegi emele getirýär. Däplerden başga-da häzirki zamanyň sport psihologiýasynda sport görnüşleriniň sporta mahsus hereketleriniň psihofiziologiki, psihofiziki, psihiki ölçegleriniň dürli-dürli psihologiki toparlary hereket edýär. Amerikan psihologiýasynda kesgitlenilmedik ölçegler boýunça toparlara bölüniş kabul edilendir – hereketlere gözegçilik etmek, şikesleriň töwekgelçiligi, parallel aragatnaşyk (J.B.Kretti, 1978). Bu türgeniň şahsyýetine kesgitli talaplary bildirmek bilen sport görnüşleriniň toparlaryny ýüze çykarmaklyga mümkinçilik berýär. Şu toparlara bölmeklige laýyklykda başa-baş göreşini tutluşygyň her bir pursatynda kesgitlenilmedik mümkin bolan hereketleriň uly derejesi we ähmiýetli töwekgelçilik, sport görnüşine gös-göni gatnaşykda giňelýän haýbatlylyk bilen baglanyşykly anyk sport görnüşiniň toparyna degişli etmek mümkin (1-nji surat). Başa-baş göreşiň görnüşleriniň däpleri, sosial goldawyň şertleri ýa-da tomaşaçylaryň kitüwliligi (duşmançylygy), beden ýüklemeleriniň netijeliliginiň derejesi, çydamlylyga bildirilýän talaplar ýaly toparlara bölmekligiň ölçeglerini aýratynlaşdyrmak mümkin. Toparlara bölmekligiň ähli ölçegleri jemlenip, sportuň dürli görnüşleri üçin türgeniň psihiki ýagdaýyna täsir edýän hereketleriň özboluşly we dürli-dürli şertlerini döredýär. Sportuň her bir görnüşi şahsy gurluşyna we türgeniň hereketleriniň aňly-paýhasly sazlaşygynyň derejesine bolan gatnaşykda özboluşly hasaplanylýar. Başa-baş göreşijileriň hereketleriniň psihologiki närseleriniň aşakda hödürlenilýän toparlara bölünmesiniň özeninde predmet hereketleriniň baş ýörelgesi ýatyr we onuň esasy görnükli rus psihologlary L.S.Wygotskiý, A.W.Zaparožes, A.N.Leontýew, A.A.Smirnow, S.L.Rubinşteýn tarapyndan goýulandyr hem-de ol P.A.Rudik, A.S.Puni tarapyndan işjeň ösdürildi. Bu baş ýörelgä laýyklykda hereketiň görnüşiniň esasy kesgitlemesi onuň gönükdirilen we ony oýarýan zat bolan predmeti (material ýa-da ideal obýekt) bolup durýar. Hereketiň predmetiniň oýaryş güýji meňzemeklik derejesi bu predmeti ele almaklygyň islegli güýji bilen bagly ýüze çykarylýar. Sport hereketi häsiýeti we akymlaýyn şertleri boýunça tapawutlandyrylýar, ýöne ol elmydama bir predmete – ýeňşe gönükdirilendir. Eger ýeňşe bir türgeniň däl, iki garşydaşyň hem hereketi gönükdirilen bolsa, onda ol gapma-garşylyk predmetine öwrülýär. Sport gapma-garşylygynda psihologiki täsin hadysanyň döremegi üçin takmynan garşydaşlaryň deňeçer toparlary hökmanydyr. Eger şeýle bolmadyk halatynda gapma-garşylyk bir hereketden beýleki herekete öwrülýär we dolandyryjylyga, ýolbaşçylyga, peýdalanmaklyga, basyşa we ş.m. öwrülýär.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05822 sek. ýüklenen baýt: 32894