Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
PEŞEW BILEN GÜNBATAR BEJERIŞ USULY
Ýazylan wagty: 08 февраля 2019 Ýazan Mayichka
PEŞEW BILEN GÜNBATAR BEJERIŞ USULY Günbatar ýurtlarynda hem siýdik bilen bejeriş usuly ir wagtdan bäri ulanylyp gelýär. Üç ýüz (300) ýyl mundan ozal fransuzlar siýdik bilen bejeriş usulynda birnäçe işleri geçirip başlapdyr. Fransuz diş lukmanlary ähli diş agyryny siýdige öllenen marlyny (hasany ) daşyndan yapmak arkaly bejeripdirler. Köplenç halatda siýdik bilen günüň dowamynda birnäçe gezek agzy çaýkamak arkaly bejeriş işlerini geçiripdirler. XIX asyryn başlarynda Angilýada “1000 peýdaly zatlar “ atly çapdan çykan kitapda siýdik bilen bejeriş usullary barada birnaçe peýdaly maslahatlar agzalyp geçilýär. Ahli daşky we içki keselleriň hemmesi üçin başlangyç iň güýçli derman serişdesi - ol adamynyň öz siýdigini 9 (dokuz) günläp irden içmeklikdir. Bu usul adamynyn süňňüni yeňledýär, tende bar bolan ownuk azardan dyndyryar. Adam ten ýylylygyna yakyn derejede ýyladylan siýdigi teniň daşyndan ulanmak bilen ten ýaradan, gulak, burun agyrydan arassalanýar. Göz ýuwulan wagty gözüň gyzarmasy, gözüň içindäki giýjilewük ýara, göz astyndaky deriniň ýüzünde emele gelýän çişi aýyrmaklyga kömek berýär. Eliňi, aýagyňy ýuwmak ýa-da çalmak bilen ten derisi arassalanýar, ýylmanýar, bogun (suňk) arasyndaky duz gatlakly, suwukluklar aýrylyp, ynsan tenindäki bogunlar berkeýär, şeýle hem dürli görnüşli deri ýüzündäki keselleri bejerilýär. Göni içege we gimoroý (babaseýle) keselini siýdik bilen uly täret yerini yzygider ýuwmak arkaly bejerilýär. 1695-nji ýylda çapdan çykan “Iňlis lukmany Salomona“ atly kitapda Salomona siýdigiň iş bitirijilik hasiýetleri barada giňişleýin düşündiriş berýär. Siýdik ––– bu adamdaky ganyň suwly görnüşidir. Gan arteriýa damarlarynyň üsti bilen böwrege düşýär we suwly bölegi böwrekden siýdik görnüşinde çykýar. Adam siýdigi gyzgyn bolýanlygyndan teni guradyjy bolup hyzmat edýär. Siýdik––– adam teninde ýygnanan artykmaç ýygyndyny eredýär we tenden cykarýar, adam teniniň içki we daşky gurluşynda iriňli ýaralaryň öňüni alýar, adam kellesindaki saçyň dökülmegine, teniň soýulmazlygyna, gotur görnüşli dömme ýaralara, ala getirmegine garşy hereket etmegi başarýar. Böwrek, bagyr, sarygetirme, siýdik halta, mergi yaly dürli infeksion keselleri bejermekde ulanylyar. Siýdigi täzeligine adamyň tenine marlyny (hasany) öllap goysaň, tenini arassalaýar we ýylmaýar. Daşky ten ýüzündäki infeksion ten ýaralaryny hem siýdik bilen bejerip bolýar. Tyg (pyçak), başga gaty predmetler zerarly düşen ýaralary siýdik bilen bejermek bolýar. Eger adamyň teni sowuklama zerarly üşüdýän bolsa, teni guruşsa, ysmaz keseline ya-da teniniň käbir böleginiň doňup galmagynyň garşysyna siýdik bilen owkalamak, massaž etmek bejeriş usuly amatly hasaplanylýar. Siýdikde çalt bugaryp uçýan duzlar bar. Şonuň netijesinde birnaçe keselleriň köki guradylýar, şonuň üçin-de böwrekde, içegede, bütewi teniň içki-daşky gurşawynda awuly agyrylar şol duzlaryň netijesinde peýda bolýar. Her bir keseli öz dermany bilen bejermek durmuşda giňden ulanylýar. Siýdikden galýan gury duzlary ýene-de siýdigiň özi eredip sykarmagy başarýar. Adamyň ýüzüniň çişmegi, başaýlanma, tötänlikden döreýän kelle agyrysy, suňňiagyrlyk, ysmaz (paraliç), teniň islendik böleginiň agyrysy (gezme agyry), sowuklamadan galan ten, beýni agyrylary, ayal keselleri we ş.m. bejermek üçin siýdik iň esasy dermanlaryň biri bolup, dünýä möçberinde ylymda kabul edilip başlandy. Siýdigi peýdalanmak bilen böwregi, siýdik ýollaryny arassalamak, böwrekden daş cykarmak ýaly keselleri-de bejerip bolýandygy durmuş tejribesinda subut edildi. Ýokarda agzalan mysallar netijesinde siýdik bilen bejeriş usulyny gadymdan nesilden-nesle ulanylyp gelinýandigini we XVIII asyryň ahyrynda XIX asyryň başlarynda ylmy konferensiýalarda bu usulyň peýdaly ýollaryny alymlar subut etdiler. Şeýle-de bolsa bu usul ozaldan gelşi yaly, nesilden- nesle ulanylyp gelinýär. Aýurwed ulgamynyň medisinasynda synaglar geçirilende agyr keseller, aýratyn hem bagyr, böwrek, öt halta, öýken kesellerinde siydik içmek arkaly bejeriş geçirilipdir. Eger gadymy Hindistanda sygyr hudaý hasaplanylyp, sygyr siýdigi hudaý tarapyn berlen bolup, halky mergi keselinden azat eden bolsa, onda näme üçin adam siýdigini derman ýerine ulanyp bolmayar?! Şeýle soragyň üstünde işlemek bilen Aýurwed geljekde adam siýdiginiň hem kesel bejermekde hakyky derman hökmünde ulanylyp bolýanlygyny birnaçe gornuşli synaglar geçirmek bilen anyklaýar we doly derejede tejribe usulda subut edýär. Ayurwedden şahadatnama. Bagbahatyň aýtmagyna göra: “Dünýäde derman uçin ulanylmaýan hiç bir zat ýokdur“. Ýöne olaryň hemmesini-de akylly-başly ulanmak gerekdir. Aýurwediň hiç bir kitabynda siýdik bilen bejerişi ulanmagy gadagan edýän ýeri ýokdur. Onuň tersine “Adam siýdigi ähli zäherlere, awulara garşy zäherdir, awudyr“ diýlip bellenilýär. Ynsan siýdigi özboluşly açyk reňkli suwuklykdyr. Ol göz bejerişde, tutuş adam endamyny güýçlendirmekde, iýmit siňdirmekde, üsgülewik ýa-da sowuklama we ş.m. keselleri bejermekde bire-bir dermandyr. Ynsan siýdigi onuň teninde dörän awy-zäherleri ýok etmeklikde ulanylýan ilkinji serişdedir. Eger-de adam öz siýdigini dogry ulanmagy başarsa, onda ol özünde täze yaşayyş duýgusyny görer, gany arassalanar, deri kesellerinden dynar we ş.m. Adam siýdigi ýiti tagamly, düzüminde köp görnüşli duz, himiki elementler saklaýan suwuklykdyr. Şeýlelikde, siýdik bilen bejeriş adamzat jemgyýetinde örän gadymdan bäri dürli halklarda dürli ýagdaýlarda biziň şu günlerimize çenli ulanylyp gelnipdir. Gadymy ruhy namalarda, dini edebiýatlarda hem siýdik bilen bejeriş usuly barada köp gürnüşli tejribe işleriň bolanlygy köne golýazmalardan biziň günlerimize çenli gelip ýetmegi geň waka däldir.
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05530 sek. ýüklenen baýt: 34348