Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyrlyklar bilen ýerine ýetirýän maşklary tehniki taýdan dogry yerine ýetirmegi öwrenmek
Ýazylan wagty: 08 февраля 2019 Ýazan Mayichka
Ýeriň çekiş güýjüniň, raketany uçmaga mejbur edýän adaty muskul güýjüniň umumylygy nämedekä? Çünki ol hersi öz tebigylygy boýunça düýbünden dürli-dürli ahyry! Olaryň fiziki taýdan ýakynlygy bar diýip aýdyp bolarmy? Hawa, aýdyp bolar. Haçanda adam agyr zady göterip bilmese, „güýjüm ýetenok“ diýýär. Şonda manysy düýbünden gapma-garşy iki sany tebigy güýç - muskul güýji we ol ýa-da beýleki zady dartyş güýji deňeşdirilýär. Eger-de atlet agyr agramy göterip, ony saklap dursa, onda atletiň bedeniniň muskul güýjüniň göwrüminiň agyrlygyň güýjüne deňdigini tassyklamaga bize hiç zat päsgel bermeýär, şonuň bilen baglylykda ony ölçäp bolýar, mysal üçin, ony kilogramda ýa-da funtda agyrlyk galdyrylan pursatynda türgeniň güýjüni we onuň fiziki mümkinçiliklerini ýeriň dartyş güýji bilen deňeşdirmeklige mümkinçilik ýüze çykýar. «Güýç» diýen söze özboluşly rekord degişlidir. Ähli sözlükde bu söze berilýän düşündiriş has bir uly orun tutýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Mysal üçin, 1953-nji ýylda S.I.Ožegowyň düzen „Rus diliniň sözlügi“ kitabyna ýüzleneliň. Bu ýerde biz bu sözüň ýeke-täk kesgitlemesini tapmasak-da, onuň bir bada dürlüçe düşündirilişine gabat gelýäris. Onuň 20-nji neşirinde bolsa (1989) şeýle düşündirişler 12-ä ýetirilipdir S.I.Ožegow güýjüň ilkinji kesgitlemesini, ine, şeýle berýär: „Myşsalaryň dartgynlylygy bilen serişdeleriň fiziki gymyldylary, hereketleri ýerine ýetirmek başarnygy, şeýle-de, umuman, işjeň hereket etmekligiň fiziki ýa-da ahlak mümkinçiligi“. Güýç sözünde ulanylýan manylaryň dürli-dürlüligi hakykatdan hem täsindir: fiziki güýç we erkiň güýç, at güýji we tassyklaýjy güýç, tebigy güýçler we ymtylyjy güýç, güýjüň ugruna hereket etmek we halky hereketlendiriji güýç we ş.m. «Güýç öküziň äkelýän zadynda däl-de onuň näme alyp gelýänligindedir» diýmeklik hem muňa aýdyň subutnamadyr. Fiziki terbiýede we sport sapaklaryndaky «güýç» diýlen düşünjeler nämeleri aňladýar? Hakykatda bu adamyň muskulynyň daşky täsiri ýeňip geçmek serişdesini tebigy taýdan kesgitleýän fiziki sypatydyr. Şu maksat bilen tebigy gurluşy boýunça hiç zat bilen deňeşedirilmeýän ägirt uly direg-hereket apparaty döredilipdir. Bu adamzat döräli bäri köp müňýyllyklaryň dowamynda adam eli tarapyndan döredilendir. Adam ägirt uly fiziki ýüki ýeňip geçmäge başarjaňdyr. Şunuň özi hem adamyň ýaşamalydygy ýa-da ýaşamaly däldigi baradaky meseläni çözýän aýgytlaýjy zat bolup çykyş edipdir. Munuň üçin adam şeýle gaýragoýulmasyz başarnyklary ýüze çykarmaly bolupdyr, çydamlylyk, uzak wagtlap aw yzarlamak üçin güýç we çeýelik - ýyrtyjy haýwanlar bilen başa-baş tutluşyga girip, dogumlylyk görkezip, şol tutluşykda ýeňiji bolamak üçin. Hut şeýle uzak geçmişde häzirki zaman adamy üçin hökmany bolan tutluşyga ymtylyş ýaly sypatlar kemala getirilipdir. Erkli, başarjaň güýç bolmasa, şeýle tutluşyklarda ýeňiji bolup çykaýmak mümkin däldir. Munuň özi uly güýji ýeterlik ele almaklygy we onuň ýeňiş üçin ýeterlikdigini aňlatmaýar. Şu okuw gollanmasynda güýç bilen baglanyşykly dürli sport görnüşlerinde – agyr atletikada, üç görnüşli güýç görnüşine (pauerliftingde), gireli sportda we kulturizmde (bodiboldingde) güýji türgenleşdirmegiň birnäçe meseleleri açylyp görkezilýär. Güýji ösdürmek we bedeniň beýleki fiziki sypatlaryny ösdürmekligiň esasy serişdeleriniň dartmaklyk – çekmeklikdigi bulary biri-birine birleşdirýär. Güýç adamyň esasy fiziki sypatlarynyň biri hasaplanylýar. Ony dürli serişdeleri ulanmak arkaly ösdürmek bolýar. Emma köpsanly barlaglaryň görkezişi ýaly, dartmaklyk-çekmeklik ulanylandaky türgenleşiklerde ony ösdürmeklik has-da netijelidir. Ýöne atlete ol ýa-da beýleki çekmekligi bermeli ýa bermeli däl diýen mesele ýüze çykýar. Eger „Atlete ol ýa-da beýleki agyrlyklary berip, onuň saglygyna zyýan ýetirmesizden türgenleşdirip bolarmy?“ diýen soraga jogap tapsak, onda agyrlyk ulanylýan sapaklarda sagdyn adamlaryň hemmesi üçin ony çäklendirmesizden ulanyp bolar. Sebäbi 500 gr hem, 5 kg hem, 100 kg hem agyrlyk hasaplanylýar. Myşsalar – bu tebigatyň döreden täsin zatlarynyň biri. Bu hiç bir maşyna elýetmez hasaplanýan peýdaly hereket edýän koefisentli dwigateldir. Hereketleriň netijesinde myşsalaryň ösüşi öz-özünden kämilleşýär. Göwräniň we güýjüň ulalmasy onuň göze görünýän ýüze çykmasydyr. Myşsalar kem-kemden ulalýar. Myşsalaryň işi öz gezeginde kislorody we iýmit serişdelerini ýokary derejede ulanmaga çagyrýar we ýüreginiň hem-de öýkeniň has netijeli işlemegini talap edýär. Şeýlelikde, sklet myşsalarynyň türgenleşigi bilen bir hatarda ol adam hereketleriniň esasy wezipelerini ýerine ýetirýär - esasy wajyp organlaryň biri bolan ýüregiň myşsalary-da ösýär. Diýmek, agyrlyklar bilen geçirilýän sapaklar birtaraplaýyn fiziki ösüşi geçirmek bilen ýürek-damar we bedeniň beýleki ulgamlarynyň wezipeleýin mümkinçiliklerini kämilleşdirýär, ýöne munuň üçin okuw pursatlaryny dogry guramaklyk hökmanydyr. Sportuň güýç ulanylýan görnüşlerinde ýene bir çekişmeli sorag meselesi bar. Haýsy ýaşdan agyrlyklar bilen baglanyşykly maşklary ýerine ýetirip başlamaly? Biziň öz barlaglarymyz we daşary ýurtly alymlaryň geçiren barlaglary umumy güýç taýýarlygyna 8-9 ýaşdan başlap bolar diýip ynamly aýtmaga şert döredýär, barha gitdigiçe köpeldilýän agyrlyklary ulanmaklyk bolsa 10-11 ýaşda başlanmaly, ýöne munuň üçin şu aşakdaky wajyp we örän gerekli düzgünleri berjaý etmeklik hökmandyr: Myşsalaryň esasy toparlaryny we olaryň bedeninde ýerleşişlerini öwrenmek. Agyrlyklar bilen ýerine ýetirýän maşklary tehniki taýdan dogry yerine ýetirmegi öwrenmek. Diňe ähli bogunlaryňy, damarlaryňy, myşsalaryňy ymykly gyzdyranyňdan soň, agyrlykly maşklary ýerine ýetirmek. Täze geleniň alty gezekden geçirip bilmejek agyrlygyny bilmek. Okuwçylara keýpsiz wagty ýa-da oz güýjüne ynamy bolmasa, uly agyrlyklary götermäge rugsat bermezlik. Ýaş atletlere ätiýaçlandyrmasyzdan, agyr ýükleri götermäge rugsat bermezlik. Ýarym ýyldan bir gezek atletleriň fiziki ýagdaýyna we saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmeklik.
Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06947 sek. ýüklenen baýt: 34894