Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedeniňe düşünmek
Ýazylan wagty: 09 февраля 2019 Ýazan Mayichka
Bedeniňe düşünmek. Tansçynyň energiýany ýeňletmek we gerek ýerine gönükdirmek üçin näme etmelidigine düşünmegi üçin, oňa ilkinji nobatda öz bedenine düşünmegi zerur. Sebäbi deňagramlylygy dikeltmek üçin näme etmelidigi we näme bolýandygy baradaky iň esasy habary adamyň bedeniniň özi berýär. Bedeniňe düşünmek—bu edil häzir meniň bedenimde we onuň her bir böleginde nämeleriň bolup geçýändigini aňladýan duýgy tejribesiniň derejesindäki anyk bilimdir. Bedeniňe düşünmek, emosiýaňa we duýgyňa düşünmek bilen baglydyr. Duýgy motorik bilen deň-derejede bolup, ol patterniň hereketlendirijisiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Bulary haýwanlaryň täsiriniň mysalynda düşündirjek bolaýyn. Haçanda haýwan gorkyny başdan geçirende onuň ganyna çusluk we beýleki zatlar geçýärde haýwanyň hereketlendiriji güýjini bir ýere toplaýar we edil şol pursatda haýwan uruşmaga ýa-da jyrtlap ylgamaga taýýar bolýar. Bu barada onuň motorigi, hereketlendiriji täsiri we beden etleriniň dartgynlylygy-da şaýatlyk edýär. Haýwandan aýratynlykda adamyň sosial gurluşy bar. Ol şonuň bilen baglylykda motorly täsiri öz erkine saklaýar we şonuň bilen baglylykda onuň bedeninde dartgynlyk we dykylma bolup geçýär. Haçanda motor täsiriniň öz erkine saklanmasy birnäçe ýola gaýtalanmagy bilen berkidilende bedeniniň dikliginiň, ýöreýşiniň, sazlaşygynyň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýän we öz gezeginde motor täsirini şahsy usullar bilen saklamagy baglanyşdyrýan adamyň haýsydyr bir hereketlendiriji şekili döreýär, ýagny kimdir biriniň eli ýumulan, kimdir biriniň aýagy, ýene biriniň boýny, başga biriniň arkasy gysylan. Şol bir wagtda şular ýaly adamyň dürli emosional gynanmalara barýan ýoly güýçli dykylan bolýar. Şol dykylma bolsa özara baglanyşykda bolup, aýratyn bir bütewilik-emosional hereketlendiriji pattern bolup durýar. Ozalky, öň öz erkine motor täsirini saklaýan ýagdaýa, duýgynyň we bedeniň düşünip işläp başlaýança, ol awtomata geçýärde düşünmän kadalaşmaga-da ýol bermeýär. Emosional we beden täsiriniň uzak wagtlap saklanmagy bilen içki energiýa basyjy puržiniň häsiýetine eýe bolýar we adamyň emosional gatlagyna birden degäýdigi (meselem,ýaryşdaky stres ýagdaýda, ýagny abraýdan düşme ýa-da tersine öz netijeleriň bilen ýokary galmak töwekgelçiligi ýokaryka) ozal saklanyp durandygyna garamazdan şol pursatda ýarylýarda daşyna çykýar we netijede ony saklamak mümkin bolmaýar. Şol ýa beýleki ýagdaýlaryň bolup geçişine siz türgenleşikde ýa-da ýaryşda öz okuwçylaryňyzda-da görüp bilersiňiz, ýagny haçanda okuwçylaryňyz ýygrylyp duranlarynda ýa-da meýdançada şeýle bir owadan çykyş edýän pursatlary, haçanda kelläňdäki saçlar dim-dik bolýan ýagdaýlarynda. Şu mesele boýunça işlänlerinde birnäçe tälimçileriň ýalňyşlyklary tansçylary haýsydyr bir ýol bilen yryp ýa-da ynandyryp, erkin we arkaýyn gözegçilikde tans etdirjek bolmaklary degişlidir. Ol şeýle bir peýdasyz, sebäbi iň gowy boldy diýeniňde ol tansçyň şahsy gatlagyna degýär, bolmady diýen ýagdaýyňda bolsa, eger tälimçiň özi onuň şowsuzlygyny ýa-da şowly çykyşyny ýüregine has ýakyn kabul edýän bolsa we tansçy tälimçiň hereketlerine düşünmezden garşylyk görkezýän bolsa, onda ol tansçyň üns bermeýänligini, şeýle hem gönümel tälimçini sylamaýandygyny görkezýär.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12066 sek. ýüklenen baýt: 31598