Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gaharlanmagy nädip öwredýärler we ýaryşda şol gazaby nähili peýdalanýarlar
Ýazylan wagty: 09 февраля 2019 Ýazan Mayichka
Gaharlanmagy nädip öwredýärler we ýaryşda şol gazaby nähili peýdalanýarlar? Käbir tälimçiler (bu ýerde şolar ýalylar ýok) tansçyda sport gazabyny oýarmak üçin dürli usullarda peýdalanyp görýärler. Bu barada men Ýaroslawlda çykyş edenimde gürrüň beripdim, ýagny türgeniň özüne ýetijiligini bir ýere toplap, ony kemsidişleri dogrusynda durup geçipdim. Men türgenler bilen şeýle usulda işlän belli psihologlary hem tanaýaryn. Netijede bu usul gowy bolaýanlygynda-da, tansçy size gysga wagtlyk netijäni görkezer, soňra bolsa uzak wagtlap pese düşmeklik bolar, belki-de psihakysynyň bozulmagyna, bedeniniň içki organlarynyň we hereketlendiriji daýanç organlarynyň näsaglamagyna elter. Şular ýaly näsazlyklara we ýaramaz netijelere uly sportda köp gabat gelmek bolýar. Irina Slyskaýany ýatlaýalyň. Ana şonuň bilen hem hut şolar ýaly ýagdaý bolup geçdi. Şeýle türgeni uzak wagtlap öz ýanyňda saklap bilmwesiň. Çagalarynyň näsaglandygy ýa-da şikes ýetenligi üçin hem ata-enesi saňa sag bolsun aýtmaz. Şonoň üçin hem ýaryşda we türgenleşikde üstünlikli çykyş eder ýaly, tandçynyň hyjuwyny bir ýere jemlemekde başga bir usullary gözlemeli. Siz jübütdäki ýaltalara onuň işjeň ýoldaşyny görkezip, “görýäňmi seň ýoldaşyň nähili çalasyn. Isleseň sen hem şolar ýaly çykyş edip bilersiň. Hany bir ussatlygyňy görkez”-diýen ýaly zatlary aýdyp bilersiňiz. Beýleki bir usul. Munda siz olara ýaryşlarda özüňizden hem geçmäge, ýagny size ýakyn bolmaklyga mümkinçilik döretmegiňiz bilen amala aşyryp bilersiňiz. Siz olara nädip tans etmelidigini görkeziň. “Şony nädip etmelidigini bolsa siz has gowy bilýärsiňiz. Ähli zat diňe siziň ýeňiş gazanmaklyga bolan isleg-arzuwyňyzdyr”-diýseňiz ýeterlik bolar. Siz olardan,”utulmaklyk size hoş ýakýarmy?”- diýip sorap bilersiňiz. Siz ýaryşlarda we türgenleşiklerde tomaşaçy bolup, öz tansçylaryňyzy goldap gygyryp, olary goldoýandygyňyzy hem görkezip bilersiňiz. Siz bu ýerde tomaşaçylardan we tälimçilerden köp zatlary öwrenip bilersiňiz. Esasan hem iň bir şowhunly sport bolan futbolda ýa-da meselem boksda bolup.
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07560 sek. ýüklenen baýt: 30452