Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Uzynadanyň gazy
Ýazylan wagty: 11 февраля 2019 Ýazan NEXTTM


Uzynadanyň gazy

,,Türkmennebit’’ döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjy ussa, buraw başlygy Hajymämmet Nuryýewiň baştutanlyk edýän burawlaýjylar topary Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada täze meýdançasynda aşaky gyzyl reňkli çökündilerinde nebit-gazyň, baý önümli ýatagyny tapmak, baýlyk çeşmesiniň üstüni açyp ,,Gara altyn’’ we ,,Mawy ýangyç’’ akymyny almak maksady bilen heniz türkmen burawlaýjylaryň taryhynda ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolaн гуйыныň газув ишини uly hyjuw bilen alyp bardylar.

Heniz çuňluk gatlaklary öwrenilmedik täze meýdançada gözleg guýysyny gazmak has jogapkärlidi hem-de çylşyrymlydy. Muňa garamazdan täze meýdançalarda gözleg guýylaryny gazmakda ýokary tejribe toplan toparyň burawlaýjylary kyn işiň hötdesinden gelmek maksady bilen agzybirlikli we arkalaşykly zähmetiň nusgasyny görkezdiler.

Toparyň burawlaýjylary ýokary hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, kuwwatly öndürijiligi has ýokary, çuň guýylary gazmaga ukyply ZJ-70 DB kysymly buraw desgasynyň kömegi bilen burawlaýyş işlerini häzirki zamanyň ösen tilsimatlaryny başarnykly ulanmak bilen ilkinji gezek 4500 metr çuňluk gazyp, соňра çuňlugy 6200 metre ýetirdiler. Burawlaýjylar gazylan çuňluga 245 millimetr ölçegdäki 2-nji oturtma sütünini hem ýokary başarjaňlyk bilen oturdyp, berkitme işini geçirip, taslama çuňluga ýetmek üçin gazuw işini dowam etdirdiler. Gazuw işine has ynamly başlan toparyň burawlaýjylary türkmen taryhynda ilkinji bolup 7150 metr çuňluk gazyp, zähmet nusgasyny görkezdiler.

Toparyň burawlaýjylary çuňlukda uglewodorod baýlygynyň bardygyna ynamly garaşmak bilen guýynyň çuňlugyna ulanyş oturtma sütünini oturdyp, berkitme işini hem ýokary hilli geçirdiler. 

Toparyň burawlaýjylary täze gözleg guýyny tehniki taýdan özleşdiriş işini hem talabalaýyk geçirip işe girizdiler. Täze guýy işe girizilende 6689-6695 metr çuňlukdan gaz we gaz kondensatynyň güýçli akymyny berdi. Hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, täze guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde berýän önümi 70 müň m3 gaz we 100 tonna gaz kondensaty diýip kesgitlendi.

Okalan sany: 65   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05122 sek. ýüklenen baýt: 31510