Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Eziz ynsan, ýüreklerde ornuň bar
Ýazylan wagty: 11 февраля 2019 Ýazan NEXTTM


Eziz ynsan, ýüreklerde ornuň bar

Ene! Äleme ýaşaýyş hem söýgi berýän beýik ynsan! Öýlerimiziň ýaraşygy, toý baýramlarymyzyň bezegi bolan eziz enelerimiz barada näçe öwgüt sözleri aýtsaň-da az. 

Mähriban Prezidentimiz “- Her bir ynsan üçin mähriban hem ezizdir, ene söýgüsi dünýäde iň beýik mukaddeslikdir, ynsan ýaşaýşynyň dirilik çeşmesidir” diýip mukaddes käbä deňelýän enelerimize bolan çäksiz söýginiň ol mähribanlara goýulýan hormat sarpanyň belent nusgasyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etmegi bütin dünýäniň eneleriniň arzuwlarynyň mysaly bolup dünýäňe dolýar. Ene diýseň parahatçylyk, parahatçylyk diýilse bolsa mährem eneleriň mylaýym ýylgyrşy göz öňünde janlanýar.

Ene dirilik çeşmesi. Jaýdar aýdylan bu jümläniň manysyna keremli daglary, sähra – düzleri, boz toprakly meýdanlary gözellige besläp gelen bahar paslynda has-da aýdyňlyk bilen göz ýetirýärsiň.  Bahar tebigata jan berýär, ene – ynsana! Ynsan kalbyny joşguna besläp gelýän bahar paslynda eziz käbelerimiziň bagtyýarlygy goşalandyrýar. 

Neneň alkyşlamalyň!” Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik – syýasy we ykdysady ösüşinde zenanlaryň orny barha artýar. Olar  ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna mynasyp goşandyny goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda gülden näzik gyzlarymyzyň , güneş kimin mähirli enelerimiziň, asylly gelinlerimiziň sylag- sarpasy , abraý mertebesi örän belentdir” diýýär. Mähriban Arkadagymyz maşgala ojagynyň synmaz sütüni bolan enelerimizi, ar-namys tugymyz bolan gyz-gelinlerimizi atalyk aladalary bilen gurşap alýar. Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän 8-nji mart-Halkara zenanlar gününiň täzeden dikeldilmegi “Zenan kalby” ordeniniň “Ene mähri” diýen hormatly atlaryň döredilmegi milli Liderimiziň türkmen zenanlaryna goýýan hormat-sarpasyndan nyşandyr.

Bu gün döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çar künjeginde gurulýan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dokma toplumlary, halyçylyk kärhanalary, şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş öýleri olaryň ählisi enelerimiz, zenanlarymyz üçindir.

Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14061 sek. ýüklenen baýt: 31767