Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hoşniýetliligiň baýramy
Ýazylan wagty: 11 февраля 2019 Ýazan NEXTTM

Hoşniýetliligiň baýramy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda ýurtlaryň arasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni  tanatdy.

Bitaraplyk –ýurdumyzyň halkara arenasyndaky hereketiniň işjeňliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyz –häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribelere daýanyp çözmäge çalyşmakdyr. 

Hemişelik Bitaraplygymyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, raýat asudalygyny kepillendirmek bilen bagly geljegi nazarlaýan başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapyp, BMG ýaly iri halkara guramalarynda ýörite resminamalar bilen berkidilmegi bolsa hemişelik Bitarap Watanymyzyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz:” Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden  gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar” diýip belleýär.

Türkmenistan  beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürýär we köp ýurtlar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary berkidýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp ,işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt  telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri , amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylygy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň  daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekýänligi bilen oňyn netijeleri berýär.
 
2017-nji ýylda  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12-nji dekabr “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan edildi.  Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp eserleriň biridir.Goý, eziz watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!

Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16677 sek. ýüklenen baýt: 31613