Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Köňül joşa gelýär hasyl toýunda
Ýazylan wagty: 11 февраля 2019 Ýazan NEXTTM


Köňül joşa gelýär hasyl toýunda 

Toprak- mukaddeslik!
Toprak-rysgal-bereket!
Toprak -eşret- döwran!
Toprak-durmuş-ýaşaýyş!
Toprak-joşgun, hasyl, ylham!

Elbetde, bagly–bakjaly ýaýlalar, hasylly meýdanlar bolsa ähli dal-daragtlaryň nury-jemaly.

Hasyl-ynsan ykbalynyň ýaşaýyş kepilnamasy.
Hasyl-topragyň joşguny, ylhamy, sungaty!
Hasyl –daýhanyň maňlaý dersiniň yhlasy.
Hasyl-topragyň gül kamaty,älem nygmatlarynyň merjeni.

Hasyl öndürýan halk dünýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady garaşsyzlygyny gazanan sarsmaz binýatly, synmaz erkli, iň bagtly milletdir.  

Türkmen topragynyň sahawatynda
Behişti nygmatlaň nur halarynda
Geçmişiň - geljegiň akabasynda
Süýjilik derýasy –serhedi –hasyl
Keramatdyr bu ýaýlalar aslynda ,
Millet ýaşar Watan,
                                 
Toprak waspynda

Toprak joşar ýylyň ähli paslynda,
Göwün ýaýlasynyň bahary-hasyl
Bereket silleri daglarda görner,
Süýji durmuş ajap çaglarda görner,
Berkarar döwletiň gymmaty- hasyl. 

Hormatly Prezidentimiz “Türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň üçin, ýurdumyzda zähmet we durmuş üpjünçilik kanunçylygy berkedilýär, döwletimiziň ylmy-tehniki kuwwaty dünýa derejesinde ýokarlandyrylýar. Sonky döwürde ýurdumyzyň oba-hojalygyny düýpli özgertmekde, ýokary depginler bilen ösdürmekde, topragymyzyň berekedini artdyrmakda  has netijeli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek üçin türkmen ýaýlararynda münlerçe gektar täze ýerler açylýar, obalary, şäherleri, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar” diýip, uly buýsanç bilen aýdyşy ýaly, oba hojalyk işgärleriniň, edermen daýhanlarymyzyň baş maksady rysgal-bereket eçilýän sahawatly türkmen topragymyzyň hümmetine belent sarpa goýup, ony aýawly saklap, ýerden bol hasyl  öndürmekden, öz halal, päk zähmeti bilen üstünlik gazanyp, dünýa eşterleriniň elýeterli durmuşynda bolelin ýaşamakdan ybarat bolup durýar. 

Şonuň üçin hem türkmen topragynda ýetişdirilýän bol hasylly meýdanlaryň aýdymy sähralarda owazlanyp, geçmişden geljege ýaşaýyş mukamy bolup ýaň salyp dur.
    
     Toprak eçilende reýhana geler,
     Arş rehneti ýaşyl meýdana geler,
     Ekinleriň sogaby daýhana geler,
     Zemzem çeşmesiniň köwseri-hasyl,
  
     Pagta-bugdaý köňülleriň şadynda ,
     Müşgün saçar säherleriň badynda,
     Hasylly ýaýlalar mydam ýadyňda ,
     Uçmaly düzleriň seýraly –hasyl.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşatmak ugrynda alyp barýan beýik işleri, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyz uly ykdysady ösüşe eýe boldy we şonuň bilen birlikde türkmen topragynyň hasyllylygy artyp, onuň sahawatkykygy ýokarlandy.

Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07453 sek. ýüklenen baýt: 35324