Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ahalteke bedewi- halkymyzyň buýsanjy.
Ýazylan wagty: 11 февраля 2019 Ýazan NEXTTM


Ahalteke bedewi- halkymyzyň buýsanjy.
       
Mähriban diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkymyza gutlagynda aslyýeti merdanalyga, gahrymançylyga ýugrulan türkmen halkynyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhraty taryhymyzy bezäp gelendigi, dünýa atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň halkymyzyň genji-hazynasydygy, köňül buýsanjydygy we milli mirasydygy bellenilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, behişdi bedewlerimiziň gaýduwsyz türkmen ýgitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolupdyr.
        
Däp bolşy ýaly, bu gezek hem Türkmen bedewiniň milli baýramy köpöwüşgünli ajaýyp dabaralara beslendi. Geçen hepdäniň şenbe güni Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň netijeleriniwe baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.
        
Soňra halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary geçirildi. 1200 metr aralyga geçirilen çapyşykda halypa çapyksuwarlaryň dört we ondan uly ýaşar atlarda ýaryşa goşuldylar. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli “Armangala” diýen dor bedew pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary Nurmuhammet Hojanepesow ýeniji boldy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dabaraly ýagdaýda baýrak gowşuryldy. Şondan soňra ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan 10 atyň arasyndan eminlere iň owadanyny saýlamak başartdy. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip “Bezerdag” we “Gülýaýlanyň” nesli nolan dört ýaşar “Berkaraklyk” diýen gurtmele at yglan edildi. Onuň eýesi Aşgabat şäherinden hususy atşynas Begmyrat Hojalyýew.

Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07011 sek. ýüklenen baýt: 31455