Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Geworkýan Türkmenistanda dynç alýar: täze topary heniz belli däl
Ýazylan wagty: 13 февраля 2019 Ýazan NEXTTM

Geworkýan Türkmenistanda dynç alýar: täze topary heniz belli däl

Geworkýan Türkmenistanda dynç alýar: täze topary heniz belli däl

Indi birnäçe ýyldan bäri Özbegistanyň çempionatynda futbol oýnan tejribeli ýarym goragçy, futbol boýunça milli ýygyndymyzyň ussat wekilleriniň biri Artur Geworkýan şu günler ýurdumyzda dynç alýar. Turkmenportalyň habarçylarynyň şu habary taýýarlaýan günlerinde onuň Türkmenabat şäherinde garyndaşlarynyňkydadygyny bildik.

Türkmenistanly tejribeli futbolçynyň indiki kluby bilen özbek metbugaty hem ýakyndan gyzyklanýar. Championat.asia saýtynda tejribeli ýarym goragçy bilen bagly habar: «Aktamow bilen Geworkýanyň arasyndan gara pişik geçdimi?» diýlip atlandyrylýar.

Habarda nygtalyşyna görä, Özbegistanyň Superligasynyň soňky iki möwsüminde «Gyzylgumyň» düzüminde oýnan türkmenistanly ýarym goragçynyň baş tälimçi Hamidjon Aktamow bilen ýüze çykan düşünişmezlik sebäpli topardan gidendigi aýdylýar. Artur Geworkýan ozalky toparynyň Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanşygyna gatnaşmagyň ýerine, ata Watanynda ýakyn garyndaşlarynyň arasynda dynç almagy saýlady.

Bize mälim bolan maglumatlara görä, A.Geworkýan birnäçe wagt «Ahal» topary bilen türgenleşdi. Tejribeli futbolçy indiki maksatlary, has takygy, indiki kluby baradaky sowallara bolsa jogap bermekden häzirlikçe saklanýar.

Okalan sany: 288   Jogaplar: ( 1 )

Mayk
19 февраля 2019

Biziñ Turkmenlere goshulsa gowa bolardy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07320 sek. ýüklenen baýt: 32499