Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Berekella pälwan gyzlar!
Ýazylan wagty: 26 августа 2013 Ýazan Sasoltan
 

     Daşkent şäherinde
geçen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň sambo boýunça zenanlar milli ýygyndy
topary şowly çykyş etdi. Pälwanlarymyzyň arasynda Türkmenabatdan 19 ýaşly Sadat
Işmyradowa has şowly çykyş edenleriň biridir. Yklymyň birinjiliginde 1993 –
1994-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda ol ikinji ýeri eýeläp, kümüş medala
mynasyp boldy. Ol ulularyň arasynda has gowy netije gazandy. Çempionatyň ahyrky
gününde Sadata «Dünýäniňähli ýyldyzlary» ýaryşyna gatnaşmaga hukuk berildi.
Finala çenli ol iki tutluşykda ýeňiş gazandy.


      Olaryň
birinjisini oňat tilsim bilen möhletinden öň tamamlady. Özbegistanyň wekili
bilen bolan aýgytlaýjy duşuşyk hem onuň uly artykmaçlygynda geçdi, ol 6:2 hasabynda
ynamly ýeňiş gazandy. Bu ýerde özboluşly aýratynlygy bellemeli. Ol özüniň 72
kilogram agramyna garamazdan, 80 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş
etdi. Ol öz garşydaşlaryndan ep-esli ýeňildi. Bu hem onuň Daşkentdäki ýeňişiniň
tapawutly tarapydyr.



    Geçen ýyl
türkmenabatly pälwan Gazagystanda geçen guşakly göreş boýunça yklym
birinjiliginde kümüş medalyň eýesi boldy. Ol dzýudo, sambo we kuraş boýunça
Türkmenistanyň ençeme gezek çempionydyr.



      Onuň
batyrgaýlygy, işjeňligi we berk bedenliligi oňa ýeňiş gazanmaga ýardam berýär.
Ol öz durmuşyny sportdan üzňe göz öňüne getirip bilenok. Ýöriteleşdirilen göreş
mekdebinde tälimçi bolup işleýär.



      Soňky iki
ýylyň dowamynda Sadat Lebabyň zenanlar ýygyndysynyň we ýokary ussatlyk
mekdebiniň tälimçisi Baýram Halylaýewiň 
elinde türgenleşik geçýär. Tälimçi Sadatyň ukyp başarnyklaryny doly açyp
görkezmäge çalyşýar. Daşkentde geçen sambo boýunça Aziýa çempionatynda Sadat
bilen birlikde Aýna Zaripowa, Gülnar Haýytbaýewa, Mariýa Lohowa, Dinara
Hallyýewa, Dinara Rozakulowa, ýaly pälwanlar we Arzuw Ýalkabowa şowly çykyş
etdiler.    



Okalan sany: 387   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
26 августа 2013

tuweleme berekalla bizin zenanlarymyza, Allajan indiki oyunlaryndada ustunlik arzuw edyan, bizin parlap duran baydagymyzy dine beyik orunlarda saklasynlar, sagbol gyzykly maglumat bereninize!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06928 sek. ýüklenen baýt: 33275