Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
18-nji fewral - diplomatik işgärleriniň güni
Ýazylan wagty: 18 февраля 2019 Ýazan NEXTTM


18-nji fewral - diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik işgärleriň güni bellenip geçilýär. Türkmenistan özüniň bitaraplyk we parahatçylyk yörelgelerine berk eýermek esasynda, 142 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we 44 sany iri halkara guramasyna agza bolup durýar. Biziň diplomatik wekilhanalarymyz bu gün Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň we beýleki iri sebitleriň onlarça ýurtlarynda işlemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we milli bähbitlerimizi üpjün etmek üçin wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan döwlet derejesinde uly-uly çäreler, maslahatlar we sergiler guralýar. Ol maslahatlarda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiyasy barada çykyşlar edýärler.

Türkmenistan döwletimizde daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dost-doganlygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowlandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça-da uly işler amala aşyrylýar.

Okalan sany: 215   Jogaplar: ( 1 )

Mekanjan
18 февраля 2019

yahooyahooyahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07211 sek. ýüklenen baýt: 31052