Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
SÖÝGI SÖHBEDI
Ýazylan wagty: 07 марта 2019 Ýazan NEXTTM


SÖÝGI SÖHBEDI
(hekaýa)

Säheriň tämiz, jana aram berýän howasyndan dem alyp, tebigatyň gözelligine aşyk bolup barşyma gabat garşymda seniň duranyňa allaniçiksi boldum. Sen mähir-muhabbet bolup, ilkinji gören günümden kalbyma ornapdyň, ýüregime giripdiň ahyryn. Muňa yşk oduna duçar bolanlaryň ählisi-de aňryýany bilen düşünýändir. Söýginiň otly alawyna çawlanan ýüreklere bu syr tanyşdyr. Gözleriňdäki uçganaklaýan söýgi ataşy meni bendi edipdi.

Her gezek gabat geleniňde maňa garaýan gözleriň şuglasy ýüregimden parran geçýärdi. Ýöne jogap hökmünde saňa mähir bilen bakmaga ejap ederdim. Şonda-da gözümiň gyýtagy bilen seni synlardym. Ýüregimiň çuňunda bir täsin duýgy döräp, seni görsem, aljyrap ugradym.

Talyplyk döwrüniň süýji ýatlamalaryndan doly günler yzyny üzmän geçip durdy. Ýyldaşlarymyzyň toýuna welaýatlaryň birine gitmek üçin demir ýol menziline bardyk. Birine garaşýan ýaly, ýüregim atygsap agzymdan çykaýjak bolýardy. Belki-de, özüne bendi eden şo-ol gözlere garaşandyryn. Menzilde adam köpdi. Birden «Bägül!» diýip, adym tutuldy. Ses çykan tarapa seretsem, sen ýylgyryp dursuň. Aljyradym. Ýöne tolgunanymy ýanymdakylara bildirmejek boldum. Sen gelşiňe:

– Toýa barýaňyzmy? – diýip soradyň.
– Hawa.
– Ornuňyz haýsy?
Men petegimi uzatdym. Ony eliňe alanyňda, sen şatlykly gözleriňi maňa dikip, hoşamaýlyk bilen ýylgyrdyň.

 Ýol uzak bolansoň, kän wakalaryň «başy agyrdyldy». Ikiçäk galanymyzda ýüzüme dikanlap:

– Bägül, bilýäňmi näme, şu gün saňa bolan päk söýgimi beýan edesim gelýär – diýdiň. Şonda men umman ýaly gözüňde päk söýgiňi gördüm. Yz ýanyndan hem:
– Sen şeýle bir owadan! – diýip, mähirli gözleriňi maňa dikdiň.

– Şeýlemi? Men özümi üýtgeşik görklüdirin-ä öýdemok. Ýöne juda bagtlydygymy-ha bilýän – diýdim. Şol pursat meni päk ýürekden söýýändigiňe ynandym.

Seniň bilen bolan gürrüňdeşligi oýumda aýlap oturyşyma, ýatlamalar hakydamda janlandy.
...Şol günem eliňdäki kitaby bahanalap gelendigiň mese-mälim bildirýärdi. Ýylgyryp durşuňa söze başladyň:
– Howa diýseň tämiz, ýaz ýagşy çalaja sepeleýär, birsellem gezim edip, soň okasaň, has gowy bolar. Ýogsa-da, men kitap bermek maksady bilen gelipdim-ow – diýip, eliňdäki kitaby maňa uzatdyň-da:

– Sag bol, gowy kitap ekeni. Sen kitap okamany gowy görýäňmi?! Gyzykly kitap duşdugy saňa getirip bererin – diýdiň-de, eglenmän gitdiň. Elimdäki kitaby bagryma basyp durşuma erkimi elimden alanyňa düşünip galdym. Men seniň bakyşyňdan nazarymy gizläp, öz ýolum bilen gaýtdym. Kalbym durşuna saňa kökerilipdi. Umytdan doly her bir gün ikimiziň kalbymyzy arzuwlara besleýärdi. Seniň söýgiň ylham bolup ýüregimde orun tutdy. Ilkinji ýazan hatlaryň gatlaryny emaý bilen açanymda, gursagymda söýgi güneşiniň şöhle saçyp duran pursady bagtyň nury bolup dünýäme doldy.

Biz bagtdan doly durmuş ýoluna gadam basdyk. Bu bagtyýar durmuşymyzyň elwan güller düşelen ýaýlasyna tarap rowana bolduk. Bu ýolda sen maňa hemişe goltgy bolduň. Seniň mähribanlygyň, aladaçyllygyň durmuşa bolan söýgimi artdyrýardy. Ýyllar toýnuk gurap geçip barýan durnalar kimin ara açyp gitseler-de, saňa bolan söýgim, yhlasym, ynamym has-da möwç aldy.

Okalan sany: 706   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06718 sek. ýüklenen baýt: 34217