Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Ýazylan wagty: 12 марта 2019 Ýazan NEXTTM


Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly

ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.

Türkmenistanly türgen bu baýragy 67 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edip gazandy. Türkmen türgenine birden götermekde 122 kilogram, itekläp götermekde bolsa 147 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça biziň türgenimiz üçünji orny eýeledi. Onuň görkezijisi 269 kilograma barabar boldy. Munuň özi öňe çykan gruziýaly agyr atletikaçynyň gazanan netijesinden bary-ýogy 1 kilogram azdyr.

11-nji synpyň okuwçysy, «Olimp» orta sport mekdebinde terbiýelenýän Bektimur geljegine uly umyt bildirilýän türgendir. Las-Wegasdaky bäsleşikde gazanan ýeňşi bolsa oňa sport dünýäsinde täze mümkinçilikleri açýar.
Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05695 sek. ýüklenen baýt: 29898