Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
PARAHATÇYLYGYŇ, DÖREDIJILIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTAN — BMG:
PARAHATÇYLYGYŇ, DÖREDIJILIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşen ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, işgärleri uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2019–2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Bu şanly waka nebitgaz toplumynyň agzybir işgärlerini Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde has-da ruhlandyrdy.

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylda bize gelip gowşan bu şatlykly habar Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyna ählumumy goldawyň we ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup, bu syýasat parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 EKOSOS Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biri bolup, onuň işi ykdysady we durmuş, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda ählumumy wezipeleriň çözülmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, iş bilen üpjün edilmegine, adam hukuklaryna hem-de onuň raýatlyk azatlyklaryna hormat goýulmagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Bu abraýly halkara guramanyň düzümine 54 döwlet girip, olar Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýar, şunda dalaşgär döwlete Baş Assambleýanyň sesleriniň üçden iki bölegini almak zerur bolup durýar. Şu gezek geçirilen saýlawlaryň barşynda Türkmenistan sesleriň agramly bölegi bilen saýlanyldy – biziň ýurdumyz üçin 181 döwlet ses berdi. Şeýlelikde, dünýäniň sazlaşykly ösýän Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde möhüm orun eýeleýän Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde doly ynamyň bildirilýändigi äşgär boldy.

Ozal ýurdumyzyň EKOSOS-a 2013–2015-nji ýyllar üçin, şeýle hem BMG-niň Ilat we ösüş baradaky Komissiýasyna 2012–2015-nji ýyllar üçin, 2014–2016-njy ýyllar üçin ösüş maksadynda Ylym we tehnika baradaky Komissiýa, 2014–2017-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi Komissiýasyna saýlanandygyny bellemek gerek. Türkmenistan BMG bilen howpsuzlyk ulgamynda, durnukly ösüş meselelerinde, energetika, ulag, ekologiýa ulgamlarynda, demokratik institutlaryny ösdürmekde we berkarar etmekde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Iri bilelikdäki maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylyp, olar ykdysady we durmuş häsiýetli möhüm wezipeleri çözmäge ýardam edýär.

Syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar – bular durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň oňyn tejribesine halkara bileleşiginiň artýan gyzyklanmasyny kesgitleýän şertlerdir. Ýurdumyzda senagat pudagy, obasenagat toplumy, söwda we hyzmatlar ulgamy, hususy işewürlik batly depginler bilen ösýär, bu bolsa täze iş orunlarynyň döremegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Häzir paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 42 milliard dollaryndan köp bolan iri desgalaryň 1600-den gowragy bina edilýär. Uly möçberdäki maýa serişdeleri ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, innowasion önümçilikleriň döredilmegine, şeýle hem «intellektual ulgama» – bilim, ylym, maglumat-kommunikasiýa, aragatnaşyk, internet ulgamlarynyň ösdürilmegine, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilýär.

Nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, magistral gaz geçirijilerini gurmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary gurulýar we ulanmaga berilýär.

Energetika howpsuzlygynyň täze global gurluşyny döretmek BMG bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary hut şoňa gönükdirilip, olara laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakynda 2008-nji we 2013-nji ýyllaryň Rezolýusiýalary kabul edildi.

Dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, Türkmenistan öz ägirt uly energetika kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly turbageçiriji ulgamy döretmek babatda anyk ädimler ädilýär.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysaly bolup, ol tebigy gaz arkaly Türkmenistany Günorta-Gündogar Aziýanyň energiýa serişdelerine zerurlygy bolan ýurtlary bilen birleşdirer, täze iş orunlarynyň müňlerçesini, degişli elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini döretmäge mümkinçilik berer. Umuman, bularyň hemmesi ykdysady, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň giň toplumyny çözmäge, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyna laýyklykda innowasion tehnologiýalaryň esasynda köp dürli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalary gurmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy bolup, ol şu ýyl ulanmaga berler. Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän iri zawod bina edilýär. Umuman, bularyň hemmesi milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak babatda wezipeleriň çözülmegine ýardam edýär.

BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan has-da sazlaşykly ösmegine gürrüňsiz ýardam eder.

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08561 sek. ýüklenen baýt: 37223