Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GEOLOGLARYŇ ASYLLY IŞLERI
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM

GEOLOGLARYŇ ASYLLY IŞLERI

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli arassa agyz suwy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek berkarar döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýän iň möhüm wezipeleriň biridir. Suw üpjünçiligi bilen bagly dürli desgalaryň, şol sanda suwy arassalamak we öndürmek boýunça kärhanalardyr ulgamlaryň, suw süýjediji kuwwatlyklaryň gurluşygy «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş  şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň» hem wajyp ugurlarydyr. Bu möhüm işi ygtybarly ýola goýmakda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkanabatdaky «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň önümçilik toparlary has-da tapawutlanýar.

Tebigy baýlyklaryň täze ýataklaryny açmak bilen, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň düzümine girýän «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Döwletimiziň ägirt uly senagat toplumy bolan nebitgaz pudagynyň ýeten häzirki ýokary derejesiniň binýadynda hem geologlaryň mynasyp orny bar. Korporasiýanyň ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň geologlary ýerasty suw çeşmeleriniň hem-de gazylyp alynýan minerallaryň dürli görnüşiniň we gurluşyk materiallary üçin çig mallaryň ýataklarynyň gözleg-barlag işlerini hem utgaşykly alyp barýarlar.

«Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň häzirki wagtda günbatar sebitde ýerine ýetirýän işleri hem «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ruhuna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu öňdebaryjy kärhanada diňe bir şu ýylyň geçen hasabat döwründe täze guýularyň onlarçasy gazylyp, müňlerçe metre barabar çuňluk geçildi. Netijede bellenilen meýilnamalar abraý bilen berjaý edildi. Kärhananyň gidrogeologlary ýerasty suwlary gözläp tapmagy, olaryň ätiýaçlyk gorlaryny takyklamagy hem-de gazuw işleri tamamlanan dik guýulary talabalaýyk ulanyşa tabşyrmagy ýokary derejede amala aşyrýarlar. Bu kärhana dört sany meýdan — buraw toparyndan hem-de bir sany önümçilik hyzmat ediş bölüminden ybaratdyr. Ekspedisiýanyň toparlary häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda diňe bir ýerasty suwlaryň goruny takyklamak bilen çäklenmän, eýsem, sebitdäki senagat ýodly suwlaryň hem gözleg-barlag işini geçirýärler. Ekspedisiýanyň esasy işleri günbatar sebitiň ilatynyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, ekin meýdanlarynyň suwaryş işlerini ýokarlandyrmaga hem-de örüleri suwlulandyrmaga gönükdirilendir. Bu derwaýys işler korporasiýanyň geologiýa-gözleg işleriniň gurluşlar boýunça meýilnamasy we Balkan welaýat häkimliginiň sargytnamasy esasynda ýola goýulýar. Kabul edilen taslamalar iş ýüzünde amala aşyrylandan soňra taýýarlanan hasabat tassyklanylyp, Türkmenistanyň Geologiýa gaznasyna tabşyrylýar.

Ekspedisiýanyň meýdan-buraw toparlary welaýatyň dürli künjeklerinde kämil enjamlar arkaly dik guýularyň gazuw işlerini göreldeli alyp barýarlar. Gazylýan her bir dik guýynyň çuňlugy 70 metrden 400 metre çenli baryp ýetýär. Häzirki wagtda Serdar etrabynyň Paraw obasynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmäge we ýerleri suwarmaga ýerasty süýji we gowşak duzly suwlaryň gözleg işlerini geçirmek, şol etrabyň Çukur we Bereket etrabynyň Uşak ýataklarynyň ýerasty süýji we çala duzly suwlaryna gaýtadan baha kesmek üçin gidrogeologiýa barlaglaryny amala aşyrmak, geoekologiýa barlaglary we kartalaşdyrmak, gidrogeologik şekil almak, Guýular meýdanynda senagat suwlarynyň deslapky barlaglaryny, Etrek meýdanynda senagat suwlarynyň gözleg-agtaryş işlerini geçirmek, sebitde ulanyş guýularyny burawlamak ýaly işler gowşamaýan depginde dowam edýär. Buraw toparlary welaýatyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda dik guýulary gazyp bermek işlerini hem üstünlikli alyp barýarlar.

– Iş alyp barýan meýdançalarymyzda ekologiýa düzgünlerini pugta berjaý edip, ýerine ýetirilýän işiň netijeliligini gazanmakda, halkymyzy arassa agyz suwy, şeýle hem önümçilik suwlary bilen üpjün etmekde ekspedisiýamyzyň esasy gidrogeology Tuwakmyrat Muhammedow, birinji derejeli tehnik-gidrogeolog Anna Gulowa, buraw ussalary Röwşen Işantaýew, Döwlet Meretgylyjow ýaly hünärmenlerimiz kärdeşlerine görelde bolýar. Zähmet toparlarymyz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşmaga döredýän ähli mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarlar – diýip, kärhananyň gidrogeologiýa bölüminiň başlygy Gülälek Toýjanowa buýsanç bilen gürrüň berýär.

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06276 sek. ýüklenen baýt: 34470