Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan — uglewodorod serişdelerine baý döwlet
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan — uglewodorod serişdelerine baý döwlet

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan energiýa ulgamynda esasy ýurtlaryň biri bolup öňe çykýar.

Gaz senagaty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň esasy pudagydyr. Gaz pudagynyň esasy maksady uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryny ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösüşiniň we halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekden ybaratdyr.

Tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly we giň möçberli ulgamyny döretmek Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň ýangyç serişdeleriniň daşarky bazara çykarylmagy uly möçberli nebitgaz taslamalaryna dünýäniň belli kompaniýalarynyň düýpli maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Bu toplumda işleri paýly esasda guramak we daşary ýurt maýadarlarynyň sanyny artdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň täze energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

2013-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda ýurt Baştutanymyzyň Ýaponiýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Kawasaki Heavy Industries Ltd» hem-de «Rönesans Türkmen» konsorsiumynyň arasynda tebigy gazdan benzin alýan toplumyň gurluşygy boýunça çarçuwaly Şertnama gol çekildi. Bu bolsa benzin öndürmek boýunça zawodyň gurluşygyna tarap ädilen ilkinji ädimleriň biri boldy. Toplumyň gurluşygy tamamlaýyş tapgyrynda alnyp barylýar. Bu ýokary tehnologiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan benzin alnar.

Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan «GTG-Gas to gasoline» taslamasyna laýyklykda ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenip, Euro – 5 ölçegine gabat gelýän A-92 belgili benziniň 600 müň tonnasy öndüriler. Sintetiki ýangyç ekologik ölçeglere laýyk geler, onda howany zaýalaýan kükürt goşundylary, düzüminde azot bolan organiki birleşmeler ýokdur.

2018-nji ýylyň ahyrynda zawodyň işe girizilmegi bilen täze önümiň, ýagny nebitden alynýan ýangyja derek ýokary hilli benziniň alynmagy ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşine ägirt uly goşant goşar.

Şeýle iri senagat pudaklarynyň döremegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05222 sek. ýüklenen baýt: 32287