Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GADYMY DEHISTANYŇ ŞANLY TARYHY
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM


GADYMY DEHISTANYŇ ŞANLY TARYHY

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby ýaşlarymyzda halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessuryna, beýik şahsyýetlerimize bolan sarpany, söýgini ösdürmekde terbiýeçilik gymmaty egsilmejek hazynadyr.

Gadymy döwürlerden bäri ulaglar we ýollar halklary ýakynlaşdyrýan esasy serişde bolup hyzmat edip gelýär. Türkmenistanyň häzirki çägi taryhdaky iň uly söwda ýolunyň – Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp geçelgeleriniň merkezine öwrülip, Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň çägindäki şäherler, obalar gülläp ösüpdir.

Beýik Ýüpek ýoly — munuň özi halklary we ýurtlary özara birikdiren, dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran ýoldur. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir halklaryň ösüşine we rowaçlygyna hyzmat etmän, eýsem, dürli milletleriň özara düşünişmeginde, dostlugyň ýola goýulmagynda hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherleriň kerwensaraýlary kadaly haryt-pul gatnaşyklarynyň merkezi bolmak bilen, Gündogar bazarynyň hukuk adatlaryny hem kemala getiripdir.

Ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Änew, Merw, Altyndepe, Sarahs, Maşat-Misserian, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaý» ýadygärlikleri türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan ägirt uly goşandydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler muňa şaýatlyk edýär.

Kitapda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarydyr taryhy ýadygärlikleri giňişleýin beýan edilýär. Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklaryna öwrülen ruhy mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak we olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek milli ylmymyzyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir.

 Türkmenistan dünýäde taryhy-medeni ýadygärliklere örän baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Köneürgenç, Nusaý, Merw, Amul, Abywerd, Änew we beýleki ýadygärlikler munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Orta asyrlarda iri medeni merkezleriň biri bolan gadymy Dehistany hem şeýle ýadygärlikleriň hataryna degişli etse bolar. Geçmişde bu ady agzalan iri şäherlerde söwda işleri güýçli alnyp barlypdyr. Ol şäherleriň arasynda Dehistan hem aýratyn orny eýeleýär. Gadymy Dehistanyň biziň günlerimize gelip ýeten ýadygärlikleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasyndan 22 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Geçmişde bu ýerde şähristanlyk gülläp ösüpdir. Dehistana halk arasynda «Maşat-Misserian», «Maşat ata» hem diýilýär.

 Orta asyrlarda Dehistan ýurdy şähristandan hem-de galalardan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 200 gektar çemesi bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Dehistanda köpsanly kerwensaraýlar, medeni maksatly binalar, kitaphanalar, dürli senetçilik ussahanalary ýerleşýän köçeler bolupdyr. Şol ussahanalarda hem ilatyň hojalyk hajatlary üçin zerur bolan önümler taýýarlanypdyr.

Iki sany beýik minaranyň, metjidiň, medresäniň, kerwensaraýlaryň, suw howuzlarynyň, başga-da birnäçe ymaratlaryň galyndylary bu günki güne çenli saklanyp galypdyr. Dehistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda merkezleriniň biri hem bolupdyr. Onuň gür ilatly ýer hökmünde tanalandygy barada taryhy çeşmelerde agzalýar. Dehistanyň uzaklardan seleňläp görnüp, täjirleri, alys ýoly söküp gelýän kerwenleri haýran galdyran ajaýyp minaralary hakynda X asyrly taryhçy Al-Makdisi özüniň ylmy işlerinde ýazýar.

Şäher goranyş maksatly salnan halkalaýyn iki diwar bilen gurşalypdyr. Bu ýerde bişen kerpiçler diňe bir jemgyýetçilik desgalarynda däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlarynda-da giňden ulanylypdyr. Arheologlar tarapyndan peýkamlaryň bürünç uçluklarynyň, aýal-gyzlaryň bezeg şaý-sepleriniň, keramiki küýze önümleriniň galyndylarynyň, şeýle hem zähmet gurallarynyň tapylmagy bu ýerde geçmişde ýaşaýşyň gülläp ösendiginden habar berýär.

Şäheriň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr, arpa, bugdaý ýaly ak ekinleri ekip, gallanyň bol hasylyny öndüripdir.

1991-nji ýylda «Gadymy Dehistan» Döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi. Dehistan bu gün hem dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar.

Milli mirasymyzy düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07220 sek. ýüklenen baýt: 35263