Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde maýa goýum syýasaty
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde maýa goýum syýasaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalygynyň işine bazar gurallarynyň hem-de ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň netijesinde döwlet we halkara derejesinde iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilik döreýär. Ýurdumyzyň önümçilik binýady düýpli özgerdilýär, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni binalaryň, önümçilik-senagat toplumlarynyň onlarçasy peýda boldy. Bu işler öz gezeginde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna itergi berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» talaplaryna we wezipelerine laýyklykda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak dowam etdiriler we bu syýasatyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

– ýokary maýa goýum işjeňliginiň hem-de innowasion ösüşi dowam etdirmegiň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak;

– ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda düýpli maýa goýumlaryny ýokary depginler bilen özleşdirmek, ykdysadyýetiň ösüşine we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak hem-de alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmek üçin ýeterlik maliýe serişdelerini göz öňünde tutmak;

– tebigy baýlyklarymyzy has-da rejeli we netijeli peýdalanmak, aýratyn hem nebitgaz çig malyny çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek babatda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmek.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösdürilýän, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, nebitgaz işleri geçirilende gün, ýel, biogaz, gatlakdan çykýan tebigy gazyň ýokary temperaturasy ýaly çeşmelerden alnan energiýany ulanmak üçin ylmy-tehniki we innowasion maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de önümçilige ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş strategiýasyny ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasaty milli, sebit we dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üçin örän ähmiýetlidir.

Hormatly Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryny ýörelge edinip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk hem ösdürilmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyzy ynandyrýarys.

Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07281 sek. ýüklenen baýt: 33162