Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY — DÖWRÜŇ TALABY
Ýazylan wagty: 13 марта 2019 Ýazan NEXTTM
EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY — DÖWRÜŇ TALABY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda daşky gurşawy goramak, ýurduň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek bu gün iň wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy toplumy tebigaty baýlaşdyrmaklyga, daşky gurşawy goramaklyga we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilendir.

Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, şeýle-de nebiti we gazy gazyp almak, gaýtadan işlemek we daşamak ýaly işler ekologiýa howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki nebit gazylyp alynýan tebigy toplumlar tehnogen täsirlere has duýgurlygy bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň saý ýerleri we kenar ýakalarynyň suwly, batgaly ýerleri deňiz jandarlarynyň, balyklaryň, düwlenleriň we guşlaryň köp ýaşaýan mekany bolup, olar halkara ähmiýetlidir. Bu aýratynlyklar nebitgaz taslamalary amala aşyrylanda, ekologik jähetleriň dolandyrylyşyna aýratyn çemeleşmegiň zerurdygyny, taslamanyň ýerine ýetirilýän ähli tapgyrlarynda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn, ulgamlaýyn çemeleşilmegiň wajypdygyny görkezýär.

Ekologiýa howpsuzlygy hojalyk işleriniň ilatyň saglygyna we daşky gurşawyň hiline ýetirip biljek ýaramaz täsirini doly aradan aýyrmak we çäklendirmek maksady bilen ylmy taýdan esaslandyrylan şertleriň toplumydyr. «Ekologik howpsuzlyk» düşünjesine ýaramaz täsire ýol berilmezligi, olar dörän halatynda adatdan daşary ýagdaýyň ýok edilmegini kadalaşdyrýan we dolandyrýan ulgam hem girýär.

Nebitgaz guýularyny burawlamak işleriniň netijesinde köp görnüşli zyňyndylaryň emele gelmegi, şeýle-de iş maksatlary üçin ulanylýan buraw erginleri we adatdan daşary ýagdaýlarda çykýan nebit önümleri bilen deňiz suwlarynyň hapalanmagy hem bolup geçýär. Olaryň täsiri astynda ekologik-ykdysady zyýany peseltmek üçin Raýzer tehnologiýasynyň (konduktor ulanmak bilen erginiň we şlamyň suw gurşawyna düşmeginiň öňüni alýan burawlamak usulynyň) ulanylmagy, buraw erginleriniň suw esasynda taýýarlanylmagy, buraw galyndylarynyň kenarýaka meýdanlarda gömülmegi üçin çykarylmagy oňat netije berýär.

Önümçilik galyndylarynyň köpelmegi olary ýerlemek üçin meýdanlaryň ep-esli ulalmagyna we daşky gurşaw üçin howpsuz saklamak meseleleriniň döremegine getirýär. Şolar bilen bilelikde galyndylary ýöne saklamak däl-de, eýsem, olary gaýtadan ulanmak we işlemek boýunça täze usullarydyr tehnologiýalary gözlemek, işläp düzmek hem-de bu işleri döwrebap maglumatlar tehnologiýalarynyň esasynda dolandyrmak ekologiýa we ykdysady taýdan has möhüm mesele bolup durýar.

Häzirki döwürde nebitgaz toplumynyň ösüşi, uglewodorod çig malyny gazyp almaklygyň geografiýasynyň giňelmegi we täze ýataklaryň özleşdirilmegi taslanylýan hojalyk ýa-da başga işjeňligiň ekologik howpsuzlygynyň ýokary talaplaryny bildirýär. Umuman, uglewodorod baýlyklaryny gözlemek we özleşdirmek işleriniň ekologik howpsuzlygy ýokarda agzalan usullaryň we tehnologiýalaryň toplumlaýyn hem-de yzygiderli peýdalanylmagy bilen üpjün edilip bilner.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05676 sek. ýüklenen baýt: 32791