Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky taslama bäsleşigi tamamlandy
Ýazylan wagty: 14 марта 2019 Ýazan Mekanjan
Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasyndaky taslama bäsleşigi tamamlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Aşgabatda geçirildi.

Bäsleşige hödürlenen 130-dan gowrak taslama işleriniň netijesinde her ugur boýunça öňdäki orunlary eýelän işler kesgitlenildi. Ugurlar takyk, tebigy we ynsanperwer ugurlaryna bölünýär. Täzeçillik we döwrebaplyk hödürlenen işleriň aglabasyna mahsus boldy. Şeýle hem işleriň käbirine ygtyýarnama bermek meselesine-de seredildi.

Bäsleşigiň ahyrynda onuň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06749 sek. ýüklenen baýt: 29649