Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
DAŞ TÖWEREGIŇ AÝAWLY WE TÄMIZ SAKLANMAGY
Ýazylan wagty: 20 марта 2019 Ýazan NEXTTM
DAŞ TÖWEREGIŇ AÝAWLY WE TÄMIZ SAKLANMAGY

Beýik Allatagala ynsany hem-de içinde ýaşaýan tebigatyny, janly we jansyz barlyklaryň ählisini belli bir düzgün-nyzamda ýaradypdyr. Bu nyzam, ýer ýüzündäki janly barlyklaryň ýaşaýyşlaryny dowam etdirip bilmekleri üçin iň kämil we kemçiliksiz nyzamdyr. Älemdäki bu düzgün-nyzama, ylym «ekologiki deňagramlylyk» diýýär. Ýaradylyşdaky bu nyzam Hyjr süresiniň 19-njy aýatynda şeýle beýan edilýär: «Biz ýeri hem (giňden) ýaýdyk, onda sarsmaz daglary ornaşdyrdyk we ol ýerde ölçegli her dürli zatlary (ösümlikleri) ösdürip ýetişdirdik».

Döwrümiziň iň ähmiýetli meseleleriniň biri hem daş-töweregimiziň hapalanmagy we ekologiki deňagramlylygyň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr. Beýik Ýaradan adamzada tebigatyň we ekologiki deňagramlylygyň goralmagyny, olaryň asyl nyzamynyň bozulmazlygyny isläpdir. Muňa ters hereket edilende bolsa zyýan çekjegiň ynsanyň ýene özi boljakdygyny bildiripdir. Kuranda şeýle buýurýar:

«Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde    pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Allah olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar». (Rum sür. aýat 41)

Beýik Allatagala älemi bir nyzam içinde ýaradyp, adamzadyň hyzmatyna beripdir. Oňa beýleki jandarlardan tapawutlylykda pikirlenmek, akyl ýetirmek ukybyny-da beripdir. Adamzat bu aýratynlyklary bilen beýleki jandarlary-da edara edýär we olardan peýdalanýar. Allatagalanyň ynsana beren bu mertebesi, öz ýany bilen Ýaradana şükür etme we her bir zada jogapkärçilikli çemeleşme borjuny hem getirýär. Adamzadyň nygmatlara şükür etmek meselesine örän gowşak garaýandygy Kuranda şeýle beýan edilýär: «(Eý, ynsanlar!) Biz sizi bu dünýä ýerleşdirip, ol ýerde siziň üçin güzeran enjamlaryny ýaratdyk. Ýöne siz (şol nygmatlara) az şükür edýärsiňiz!» (Agraf sür. aýat 10).

Bu aýaty kerime umumy manyda ekologiki ulgamda bozulma we kirleme emele geljegini, munuň sebäbiniň hem adamzadyň özüdigini mälim edýär. 

Okalan sany: 420   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05549 sek. ýüklenen baýt: 31429