Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Daş-töweregimizi tämiz saklamak.
Ýazylan wagty: 20 марта 2019 Ýazan NEXTTM
Daş-töweregimizi tämiz saklamak.

Allatagala tebigaty adamzadyň hyzmatyna beripdir. Onda adamzat özüne hyzmat edýän bu nygmatlardan ýerlikli peýdalanyp, köçeleriň, baglaryň, tokaýlaryň, çölleriň, akar suwlaryň, deňizleriň, gysgaça daş-töweregimiziň tämiz saklanmagyna we goralmagyna ähmiýet bermelidir.

Tämizlik, Kurany Kerimiň iň köp üstünde durýan meselelerinden biridir. Kurany Kerimiň ilkinji gelen aýatlarynyň biri şeýledir. «Lybasyňy (ähli hapalardan) päkize tut!» (Müddessir sür. aýat 4) sözi, dinimiziň tämizlige berýän ähmiýetini görkezýär. Başga bir aýatda bolsa şeýle buýrulýar: Muhammet pygamber (S.A.W): «Tämizlik imanyň ýarysydyr» manyly hadysynda beden, egin-eşik, ýer we iýmit tämizligini göz öňünde tutupdyr, tämizlige ähmiýet bermeýän adamlaryň bolsa imanynyň ýarym boljagyny nygtapdyr.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Allatagalanyň razylygyny gazanmak maksady bilen daş-töweregi tämiz we aýawly saklamak ugrunda edilen her bir hereketi «sadaka bermek» bilen deň hasaplapdyr. Bu manydaky hadyslardan birinde şeýle buýrulýar: «(Gatnalýan) ýoldan adamlara ezýet berýän bir zady aýyrmak, sadakadyr» 

Bu hadysdaky «ýoldan adamlara ezýet berýän bir zady aýyrmak» sözi, ýoluň üstünde biten ýa-da galyp-gaçan tiken, haýwan dersi, daş, kerpiç, her dürli çör-çöp, hapa mysaly närseleride; gykylyk, goh-galmagal, dawa-jenjel, edebe ters geýinmek, ahlaksyzlyk mysaly umuman adamlary birahat edýän hereketleride öz içine alýar. Aslynda adamzada sogap gazandyrýan bu işleriň ilkinji nobatda onuň öz bähbidi üçin amatlydygy bolsa hemmämize mälimdir.

Dinimizde ýaşyl öwüsýän tebigaty (agaçlary we gök ösümlikleri) köpeltmek we gorap saklamak.

Allatagalanyň bendelerine eçilen taýsyz nygmatlaryndan biri-de dünýämiziň bezegini we arassa howasyny üpjün edýän agaçlardyr, ýaşyl ösümliklerdir. 

Dinimiziň bagy bossanlyga, miweli we miwesiz agaçlara berýän ähmiýetini her pursat görmek bolýar. Kurany Kerimde jennet nygmatlary göz öňünde janlandyrylýarka hurma, nar, injir, zeýtun, üzüm ýaly miweleriň we öri meýdanlarynyň, tikensiz gür baglaryň, goýy kölegeleriň we suwlaryň atlary ýatlanyp geçilýär.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Mekkeden Medinä göçeninden soň ilkinji başyny tutan işi-de Medinäni we töweregini bag-bakja öwürmek bolupdyr.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) hadysynda buýurýar: «Kyýamat gopmaga başlanda, biriňiziň elinde bir agaç nahaly bolsa we kyýamat gopmazdan owal ony oturtmaga güýji ýetse dessine oturtsyn».

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) başga hadysynda şeýle diýýär: «Bir musulman bir agaç oturtsa ýa-da bir ösümlik ekse, ondan guş, adam ýa-da haýwan iýse, bu onuň üçin sadaka bolar».

Tebigatyň öz akymlaýyn dowam etmeginde bag ekip, tokaý zolagyny döretmek uly ähmiýete eýedir. «Her kim bir bag ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen sözlerden ugur alyp, biz hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris.

Okalan sany: 445   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06535 sek. ýüklenen baýt: 33306