Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Aragatnaşygyň öň­de­ba­ry­jy ul­ga­my
Ýazylan wagty: 01 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Aragatnaşygyň öň­de­ba­ry­jy ul­ga­my in­ter­ne­tiň dö­re­di­le­ni­ne 30 ýyl dol­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu maglumatlar ul­gamy adam­zat üçin or­nu­ny hiç zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak se­riş­dä öw­rül­di. Söw­da, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy, ylym-bi­lim, sun­gat, res­mi döw­let iş­le­ri, bank iş­le­ri we beý­le­ki ýüz­ler­çe zat in­ter­ne­te bag­ly bo­lup dur­ýar. In­ter­net teh­ni­ki ba­bat­da bel­li bir mer­ke­zi bol­ma­dyk we açyk gur­lu­şa eýe bo­lan, bir-bi­rin­den ga­raş­syz müň­ler­çe to­ruň bir ýe­re jem­len­me­gi bi­len dö­rän has uly tor ha­sap­lan­ýar. Bu giň to­ra go­şul­mak is­le­ýän beý­le­ki tor­lar üçin kä­bir düz­gün­ler we ül­ňü­ler bar. In­ter­ne­tiň il­kin­ji düz­gün­le­ri­ni we kod­la­ry­ny 1989-njy ýyl­da Şweý­sa­ri­ýa-Fran­si­ýa ara­çä­gi­ne go­laý ýer­de ýer­leş­ýän CERN yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­yň hü­när­me­ni Tim Ber­ners-Li ýaz­ýar. “Dün­ýä Ýaý­ran Tor” (World Wi­de Web: www) il­ki di­ňe CERN-dä­ki iş­gär­le­riň komp­ýu­ter­le­ri­niň ara­syn­da mag­lu­mat ge­çir­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar. Ber­ners-Li 1993-nji ýyl­da hal­ka açy­lan to­ruň aw­tor­lyk hu­kuk­la­ry­ny ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­tyn­da dö­re­di­len kon­sor­siu­ma ge­çir­ýär. Şon­dan bä­ri W3C at­ly bu kon­sor­si­um in­ter­ne­ti iň ýo­ka­ry de­re­jä çy­kar­mak üçin ta­gal­la ed­ýär. Bu kon­sorsiu­ma mo­bil ara­gat­na­şyk kär­ha­na­la­ry, ban­klar, “Netf­lix” ýa­ly me­di­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry, “Micro­soft”, “So­ny” ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa ägirt­le­ri, uni­wer­si­tet­ler ag­za bo­lup, ola­ryň sa­ny 300-den geç­ýär.In­ter­net­den öň­räk, has dog­ru­sy 1960-njy ýyl­lar­da ABŞ-da AR­PA­NET (Ösen Yl­my Bar­lag Tas­la­ma­la­ry Agent­li­gi To­ry) at­ly tor dö­re­di­lýär. Dür­li gu­ra­ma­la­ryň, yl­my bar­lag mer­kez­le­riň we uni­wer­si­tet­le­riň ara­syn­da­ky bu tor 1980-nji ýyl­lar­da has hem gi­ňel­dil­ýär.
Okalan sany: 83   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05207 sek. ýüklenen baýt: 30752