Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Informasiýa prosesleriň görnüşleri
Ýazylan wagty: 01 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Informasiýa prosesleriň görnüşleri Biziň daş töweregimizi gurşaýan köpgörnüşli maglumatlary her-hili nyşanlar boýunça toparlaşdyryp bolar. Mysal üçin, informasiýalaryň ýüze çykyşy boýunça jansyz tebigatyň proseslerini we hadysalaryny aňlatsa- olara elementar informasiýalar, haýwanat we ösümlük dünýäsiniň proseslerini aňlatsa – biologik informasiýalar, adamzat jemgyýetiniň proseslerini aňlatsa – durmuş informasiýalary diýilýär. Adam informasiýalary şekil görnüşünde kabul etmäge we ýatda saklamaga ukyplydyr. Iberilişiniň we kabul edilişiniň usuly boýunça informasiýalaryň görnüşleri tapawutlandyrylýar: görülýän informasiýalar – olar görülýän şekillendirmeler we şekiller görnüşünde iberilýär; audio – sesler görnüşünde, taktil – duýgular görnüşünde, organoleptik – yslär we tagamlar görnüşünde, maşyn – hasaplaýyş tehniki serişdelerde kabul edilýän we berilýän we ş.m. görnüşdäki informasiýalar. Informaýalar üznüksiz signallar görnüşünde bolanda hem olaryň ululygy belli bir wagt birliginde diskret - sanlar bilen aňladylýar. Tebigatdaky we durmuşdaky üznüksiz informasiýalaryň sanlar bilen aňladylmagy uniwersal häsiýete eýedir. Islendik üznüksiz signalyň wagt birligindäki ululugyny sanyň bitin we drob bölegi bilen ol ululuga ýakynlaşdyrylyp aňladyp bolar. Üznüksiz - analog informasiýalary diskret – sanly informasiýalara öwürmek işine diskretleşdirmek diýilýär hem-de üznüksüz informasiýanyň diskretleşdirilen kesgitli bahasyna kod berilýär. Informasiýalar hem-de maglumatlar Bilim we Ylym düşünjeleriniň esasy bolup olar tutuşlugyna esasda beýan edilen taglymatdyr. Ylym-munuň özi adamzat jemgyýetinde kanunalaýyklygy, ygtybarlygy, anyklamagy islenýän, talap edilýän habarlardyr, maglumatlardyr. Islendik hadysanyň beýanyny habarlarda, maglumatlarda aňladyp bolar, olar ylymda jikme-jik öwrenilmelidir we aň ýetirilmelidir. Hadysanyň, prosesiň doly aň ýetirilen, üýtgedip bolmajak habarlary, maglumatlary we kanunalaýyklyklary Bilimi emele getirýär. Diýmek, adamzadyň taryhy ösüşi ylymdan bilimiň bolmagyny tekrarlaýar. Ylym tarapyndan doly kesgitlenen habarlar, maglumatlar Bilimi emele getirýär, Ony ynsanlar öwrenmelidir, bilmelidir.
Okalan sany: 78   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,24630 sek. ýüklenen baýt: 30776