Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ZYÝANLY ENDIKLER
Ýazylan wagty: 07 апреля 2019 Ýazan NEXTTM
ZYÝANLY ENDIKLER

بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ

Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz zyýanly endikler barada bolar.

Maddy we ruhy sagdynlyk ynsanyň barlygyny we ýaşaýşyny manyly edýän iň gymmatly göwherdir. Jemgyýetiň maşgalalardan, maşgalalaryň bolsa şahslardan emele gelýänligini göz öňünde tutsak, jemgyýetiň sagdynlygynyň şahslaryň sagdynlygyna baglydygyna düşünmek kyn däldir. Diýmek, jemgyýetiň maddy we ruhy sagdynlygyny gazanmak şol jemgyýeti emele getirýän şahslaryň saglygyny goramak bilen mümkin bolar. Jemgyýet, düzümindäki maşgalalaryň agzybir, şahslaryň sagdyn, güýçli, gaýratly, edermen, ruhubelent, zähmetsöýer, sabyrly, kanagatly, özüne erkli, ahlakly, edepli, salykatly, ukyply, başarjaň bolan wagty ykdysady hem-de medeni taýdan dowamly ösüşler gazanar. Içinde ýaşaýan şahyslaryna görä röwüş alan şeýle jemgyýetde ýaşamak egsilmeýän bagt bolar. 

Hezreti Pygamberimiziň bize galdyran iň uly mirasy onuň ömürboýy yzarlan ýoludyr, ýagny sünnetidir. Gysgaça aýdylanda sünnet, adamzat durmuşynyň ýörelgesidir.

Sünnet bize Allatagala gulluk etmek, ahlaklylyk, jemgyýetçilik gatnaşyklary we maşgala durmuşy ýaly adamzat durmuşy bilen baglanyşykly hereketleri we gatnaşyklary belent nusgalar arkaly aýdyň beýan edýär. Pygamberimiziň ybadatlar, aluw-satuw, maşgala gurmak we adamlaryň arasyndaky beýleki gatnaşyklar baradaky sünnet amallary degişli edebiýatlarynda birin-birin anyklanypdyr. Yslam  alymlary sünnetiň habar berýän hökümlerini anyklamak bilen bir hatarda, bu hökümleriň esasy maksatlaryny, ýagny dinimiziň esasy maksatlaryny-da anyklamaklyga synanyşypdyrlar. Çünki täze ýüze çykan meseleler barada höküm berenlerinde ýa-da bellenen hökümleri iş ýüzünde amala aşyranlarynda, bu maksatlary nazara alypdyrlar. Kuranyň we sünnetiň jemgyýetiň tertip-düzgüniniň üpjün edilmegi üçin göz öňünde tutan bu esasy maksatlaryna “zerurlyklar” diýlipdir. Bu esaslar dinimiziň amala aşyrmak islän esasy ýörelgeleridir. Bular bäş esasda jemlenipdir:
1. Diniň goralmagy.
2. Akylyň goralmagy.
3. Janyň goralmagy.
4. Emlägiň goralmagy.
5. Nesliň, maşgalanyň, ar-namysyň goralmagy.
Soňky döwürlerde bu esaslardan, esasan, jan we emläk howpsuzlygynyň üstünde durlup, beýleki esaslara ýeterlik ähmiýet berilmändir, hatda bütünleý ünsden düşürilipdir. Aslyýetinde bolsa bu esasy maksatlar bir-birine doly bagly bolup, biriniň ünsden düşürilmegi, köplenç ýagdaýda, beýlekileriň-de ünsden düşmegine sebäp bolýar.

Özüne baglylyk we baknalyk döredýän narkotiki jisimler meselesine-de ýokarda ady agzalan bäş esasy maksada esaslanyp seredilmegi peýdaly bolar. Baglylyk döredýän, serhoş edýän narkotiki jisimler bilen göreşmek babatyndaky meselä, esasan, jan we emläk howpsuzlygy tarapdan seredilipdir. Hatda zyýan bermez öýdülen mukdarlarda alkogolly içginiň ulanylmagyny howply görmeýişleri ýaly, käbir ýurtlarda bellenilen mukdarlarda narkotiki jisimiň ulanylmagyna rugsat hem edipdirler. Alkogolly içgileriň we narkotiki jisimleriň, esasan, ykdysady we medeni taýdan ösen jemgyýetlerde ýüze çykanlygy we ýaýranlygy göz öňünde tutulsa, häzirki döwrümizde bu iki meselä garşy göreşde kanagatlanarly netije gazanmak üçin esasyny iň kämil çeşmelerden alyp gaýdýan milli-ruhy däp-dessurlarymyz hakyky manysy bilen dikeldilip, halkymyza düşündirilmeli, söydürilmeli we beýleki medeniýetlere görelde boljak görnüşde amal edilmelidir. Elbetde adamlary alkogolly içgilerden we narkotiki jisimlerden daşlaşdyrmagyň esasy ýollarynyň biri bularyň ynsan saglygyna we jemgyýete, maşgala ýetirýän zyýanlary barada maglumatlaryň we öwüt-nesihatlaryň berilmegidir. Emma köplenç ýagdaýda, bu endiklerden daşlaşdyrmak ugrunda düýpli öwüt-nesihat işleriniň geçirilmegine we dürli mümkünçilikleriň döredilmegine garamazdan, bu ýaramaz endiklere ýykgyn edilmeginiň esasy sebäbi bu maddalaryň gönümel özleriniň erbet görülmän, diňe netijesiniň ýazgarylmagy bolup durýar. Beýleki bir sebäbini-de bu işde adamlaryň ynsaplaryna we wyždanlaryna täsir ýetirmekdäki ýetmezçilik diýip bellemek mümkündir.

Hezreti Pygamberimiz ähli babatda ynsanlara görelde bolup, olara dogry ýoly görkezipdir. Ol ýagşylyk we gowulyklary ündäp, erbetlikleri we ýamanlyklary gadagan edipdir. Ol getiren dini esaslary bilen ynsanlyk taryhynyň dürli döwürlerinde ýüze çykmagy mümkin bolan ähli erbetlikleri ýok etmekligi we erbet endikleriň öňüni almaklygy maksat edinipdir. Şol maksat bilen hem ynsanyň akylyna, dinine, janyna, emlägine we namysyna zyýan ýetirýän erbetlikleriň ähli görnüşini gadagan edipdir. Bu hakykat Kurany Kerimiň Araf süresiniň 157-nji aýatynda. “Ol, olara erbetligi gadagan edýär, tämiz zatlary halal, pis zatlary bolsa haram edýär.” sözleri bilen beýan edilýär. Şeýlelikde, narkotiki jisimleriň we şoňa meňzeş serhoşlyk we baglylyk döredýän beýleki maddalaryň atlary dini delillerde açykdan agzalmadyk hem bolsa, dini taýdan gadagan edilendir. Baglylyk döredýänligi, emlägi ýitirýänligi, saglyga we jemgyýete zyýan berýänligi sebäpli, çilimi-de bularyň arasynda görmäge doly esas bar. 


Okalan sany: 485   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11053 sek. ýüklenen baýt: 35966