Gyzykly faktlar: petank sportyny söýüjilere bütin dünýäde duş gelmek bolýar, häzirki wagtda ol dünýäde 50-den gowrak ýurtlaryň arasynda ýaýrandyr. Petank sporty bilen professional meşgullanýan adamlara petankuistlar diýlip atlandyrylýar; Angliýada we Amerikada bu oýun lawn bawling, Italiýada bolsa bocce diýlip atlandyrylýar; Meşhur Lýumer doganlar 1896-njy ýylda özleriniň filmleriniň birini petank oýnuna bagyşlapdyrlar; Beýik fizik Anri-Mari Amper petank oýnuny metal şarlarda oýnanlaryň ilkinjileriň biri bolup fransuz sportunuň taryhyna girdi; Oýunyň düzgünleri Oýun üçin ýeke-täk gerek bolan zat – şarlaryň toplumy we koşonet diýlip atlandyrylýan kiçijik agaç şar. Petanky iki topar tekiz meýdançada oýnaýarlar. Bu meýdança otly, çägeli ýa-da çagylly bolup biler. Ýeriň üstünde diametri 35-50 sm aralygynda bolan uly bolmadyk töwerek çyzyk çyzýarlar. Şu çyzygyň içinde iki aýagyň ýerleşdirip ýerden hem aýagyňy üzmän daşy zyňmaly. Bu töwerek islendik jisimden we oýun meýdançasynyň serhedinden 1 metrden pes bolmadyk aralykda ýerleşmelidir. Oýunçylar bije atýarlar: oýuna başlamaly topar ilki bilen koşoneti birnäçe metr öňe zyňýar. Zyňylan koşonet şeýle ýagdaýlarda dogry hasaplanýar: Koşonetden töweregiň gyrasyna çenli bolmaly aralyk: m. – çagalar üçin; 5-9 m. – ýetginjekler üçin; 6-10 m. – ulular üçin.
07 апреля 2019
Mayichka sen ozun sportsmenka oytyan? nireden sen
Mayichka sen ozun sportsmenka oytyan? nireden sen