Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Goragly aýna tötänden döreýär
Ýazylan wagty: 09 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Goragly aýna tötänden döreýär.Wag­tyň geç­me­gi bi­len dür­li mak­sat­lar üçin aý­na­lar ön­dü­ril­ýär. 1903-nji ýyl­da fran­suz hi­mi­gi Eduard Be­ne­dik­tus üç gat­lak­ly aý­na­ny tö­tän­le­ýin oý­lap tap­ýar. La­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da sy­nag ge­çir­ýän ma­ha­ly onuň elin­dä­ki çüý­şe gap ýe­re ga­çyp dö­wül­ýär, ýö­ne pyt­ra­ma­ýar. Bu ýag­daý onuň ün­sü­ni çek­ýär. Be­ne­dik­tus dü­zü­min­de kol­lo­diý (luk­man­çy­lyk­da hem-de fo­tog­ra­fi­ýa­da ula­nyl­ýan go­ýy şep­bik ga­ryn­dy) bo­lan su­wuk­ly­gyň bu­gar­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len gat­la­gyň çüý­şä­niň pyt­ra­ma­gy­nyň öňü­ni alan­dy­gy­ny aňyp, ony bel­lik dep­de­ri­ne ýaz­ýar. 1920-nji ýyl­lar­da bir aw­tou­lag­yň ýol he­läk­çi­li­gi­ne uç­ra­ma­gy Be­ne­dik­tu­syň üç gat­ly aý­na ön­dür­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ol iki gat aý­na­nyň ara­sy­na sell­ýu­lo­za nit­rat gat­la­gy­ny ýer­leş­dir­mek ar­ka­ly üç gat­ly aý­na­ny oý­lap tap­ýar. Bu açyş il­ki aw­tou­lag­la­ryň öň­ki aý­na­la­ryn­da ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Go­rag­ly aý­na­lar hä­zir­ki wagt­da ulag­lar­da, smart­fon­lar­da we beý­le­ki mo­bil en­jam­lar­da hem giň­den ula­ny­lýar.Ga­dy­my mü­sür­li­ler, grek­ler we rim­li­ler ýüz gö­rül­ýän aý­na­la­ry al­tyn, kü­müş, bü­rünç, ga­la­ýy, mis, dag hrus­tal­la­ry ýa­ly zat­la­ryň ýü­zü­ni ýal­dy­rat­mak ar­ka­ly ýa­sap­dyr­lar. XIV asyr­da We­ne­si­ýa­da aý­na­nyň bir ta­ra­py­ny syr­ça­la­mak ar­ka­ly ýüz gö­rül­ýän aý­na ýa­sa­lyp­dyr.500 de­re­je­de gyz­dy­ry­lan­da ýum­şap baş­la­ýan aýnany 800-1300 de­re­je ara­ly­gyn­da­ky gyz­gyn­lyk­da is­len­dik şe­ki­le öw­rüp bol­ýar. Gyz­gyn­ly­ga çy­dam­ly aý­na­lar XIX asyr­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­da se­na­gat­da ula­nyl­ýar­dy. Olar­dan, esa­san, de­mir ýol­lar­da aşa gyz­gyn we aşa so­wuk ho­wa­da dur­ma­ly bol­ýan lam­pa­lar ýa­sal­ýar­dy. Em­ma aý­na­nyň bu gör­nü­şi na­har bi­şir­mek üçin ýa-da suw gaý­nat­mak üçin gi­j­räk ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Nýu Ýork­da “Cor­ning” aý­na şe­re­ke­ti­niň la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da iş­le­ýän dok­tor Jes­se T. Litt­le­ton 1913-nji ýyl­da kä­se şe­kil­li aý­na bö­le­gin­de kö­ke bi­şir­ýär. Bu ýag­daý açyş et­mek üçin pi­kir dö­red­ýär we şe­re­ket 1916-njy ýyl­da ho­wur­peç üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji aý­na ga­by sa­tu­wa çy­kar­ýar. 1936-njy ýyl­da bol­sa, oduň üs­tün­de go­ýup na­har bi­şi­rip bol­ýan il­kin­ji çüý­şe gap­lar sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06433 sek. ýüklenen baýt: 31002