Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Informasiýa – bu materiýa däldir we energiýa-da däldir
Ýazylan wagty: 11 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Informasiýa sözüniň etimiologiýasy bizi gadymygrek döwrüne alyp barýar. Grekçe μορφή (morphe) sözi forma (ideýalar, pikirler), εἶδος (eidos) sözi bolsa ideýa, çarçuwalama (ramkalama) ýaly manylary berýär. Platonyň, Aristoteliň eserlerinde bu söz hut şu manysynda ulanylypdyr. Soňrak informatio sözi latyn dilinde formalaşdyrma (bir forma getirme), düşündiriş, beýan etme , öwretme we gözükdirme (instruksiýa) ýaly manylary berýän görnüşinde ýüze çykypdyr. Ýewropa dillerinde (iňlis, fransuz) information (informasion) sözi takyk maglumat, habar manysynda XX asyra çenli köpçülikleýin ulanylmandyr. Hasaplaýyş tehnikasynyň ösmegi bilen birlikde informasiýanyň sifrli kod, maglumat ýaly sinonimleri döredi.
“Belgi” – informasiýany bermegiň (aňlatmagyň) usulydyr. Belgiler baradaky semiotika ylmy tebigy we emeli dilleriň belgileriniň we belgiler sistemasynyň häsiýetlerini öwrenýär (derňeýär). Semiotika özbaşdak ylym görnüşinde uly ösüşe eýe boldy, şeýle bolsa-da informasiýany düşünje görnüşinde kesgitlemek ondan çetde galdy.
Informasiýanyň ilkibaşdaky maglumat, habar manylaryndan başga – statiki maglumat manysynda matematiki statistikanyň usullaryny işläp taýýarlanda iňlis matematigi we biology Ronald Fişer tarapyndan ulanylypdyr (1921 ý.). Amerikan alym-elktrigi Ralf Hartli informasiýany matematiki üýtgeýän ululyk hökmünde girizdi we ilkinji bolup 1928-nji ýylda informasiýanyň mukdaryny ölçemegiň formulasyny kesgitledi. Bu formula Hartli formulasy diýen ady aldy. Onuň formulasyny ýönekeýleşdirip I=log_2⁡N görnüşde ýazmak bolar ( bu ýerde I – informasiýa mukdary, N – deňähtimallykly wakalaryň sany).
Ol informasiýa elektrik geçiriji arkaly kommunikasiýa (iberijiniň we kabul edijiniň arasyndaky) serişdesi hökmünde seredipdir. Hartliniň işleri informasiýa nazaryýetini işläp taýýarlamagyň başlangyjy boldy. Onuň bu başlangyjy XX asyryň 40-njy ýyllarynyň ahyrynda amerikan inženeri we matematigi Klod Şennonyň işlerinde tamamlandy. Klod Şennon Hartliniň ideýalaryny umumylaşdyrýar we informasiýany kabul edijide informasiýanyň kesgitsizligni aýyrmagyň ölçegi hökmünde düşündirýär. Ol ilkinji bolup aragatnaşyk kanallarynda iberilýän informasiýa we galmagallara ahyrky, şeýle hem üznüksiz habarlaryň köplügi hökmünde statistikanyň nukdýnazaryndan seredipdir. Şennon tarapyndan Informasiýalar nazaryýetiniň ösdürilmegi habarlary ibermek bilen baglanyşykly kynçylyklary (iberilýän habarlaryň artykmaçlaryny aýyrmak; habarlary kodlamak we päsgelçilikli aragatnaşyk kanallaryndan olary ibermek) aradan aýrylýar. Şennon informasiýa: “Signal, kommunikasiýa we arabaglanyşyk prosesleri esasynda kesgitsizligiň aýrylmagy (azalmagy)” diýip kesgitleme berýär.
– bu formula dürliähtimallykly wakalar üçin informasiýanyň mukdaryny kesgitlemegiň ýa-da Şennonyň formulasy diýilýär.
Bu ýerde p¬¬(i) i-nji wakanyň ähtimallygy, n – mümkin bolan wakalaryň sany. Takmynan şol ýyllarda amerikan alymy, matematik Norbert Winer
informasiýa – bu janly organizmler bilen elektron-hasaplaýyş maşynlaryň häsiýetlerini birmeňzeş edýän serişde diýen netijä gelýär. Ol 1948-nji ýylda “Kibernetika ýa-da haýwanda hem-de maşynda dolandyryş we baglanyşyk” diýen kitabynda informasiýa düşünjesine fiziki hadysa hökmünde birnäçe düýpli täze kesgitlemeleri berýär.
Ynha şol kesgitlemeler:
1. “Informasiýa – daşky dünýäden biziň we duýgularymyzyň oňa uýgunlaşmak
prosesinde alýan belgilenen mazmunydyr”.
2. “Informasiýa – bu näme dolandyrýan bolsa şoldur”.
3. “Informasiýa – bu materiýa däldir we energiýa-da däldir”.
Winer aslynda flosofiýada, fizikada, aragatnaşykda, biologiýada we hasaplaýyş tehnikasyndaky dürli düşünjeleri bir umumy düşünjä – informasiýa birikdirdi. Ondan soň informasiýa umumy ylmy adalga öwrüldi.
Adamlar tebigat obýektlerinden alynýan informasiýalardan başga, adamyň
aň-düşünjesi arkaly döredilýän informasiýalar bilen hem iş salyşýarlar. Bu “adam” informasiýalary gelip çykyşy boýunça subýektiwdir. Sebäbi olar adam beýnisiniň, ýadynyň gurşap alýan dünýädäki informasiýalary täzeden işlemek arkaly alan önümi (netijesi) bolup durýar. Ilkinji nobatda “adam” informasiýasy adamlar tarapyndan döredilen dillerde (türkmen, iňlis, rus we ş.m. ) aňladylýar. Şekillendiriş, saz, tans we ş.m. sungat dilleri bolup biler. Çyzgylary, formulalary, kodlary ylmy we tehniki dillere mysal getirmek bolar.
Diýmek, informasiýa düşünjesi fundemental dünýägaraýyş düşünjesi eken.
Informasiýa maglumatlary özgertmegiň we analiz etmegiň netijesidir. Maglumat, habar we informasiýa köplenç sinonimler hökmünde ulanylýar, emma bu düşünjeleriň arasynda tapawut bardyr.
Informasiýanyň maglumatdan tapawudy şundadyr: maglumat kesgitli göterijide saklamaga, ibermäge we täzeden işlemäge ýaramly, wakalar we hadysalar baradaky bellige alnan bilimdir. Informasiýa bolsa kesgitli mesele çözülende maglumatlaryň üstünde işlemegiň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin maglumatlar bazasynda dürli maglumatlar saklanýar, haýsydyr bir kesgitli talap boýunça maglumatlar bazasyny dolandyrýan sistema gerekli informasiýany berýär.
Bilim – tejribede barlanan, bellige alnan we işlenip taýýarlanan hem-de gelejekde çözgüt kabul etmekde peýdalanmak mümkin bolan informasiýa. Bilim – bu intellektual kapitaldyr.
Maglumat, informasiýa, bilim düşünjeleriniň uniwersial kesgitlemeleriniň ýokdugyny bellemek zerurdyr.
Materialistik filosofiýanyň nukdýnazaryndan informasiýa hakyky dünýäniň maglumatlar (habar) arkaly şöhlelenmesidir. Habar bolsa informasiýany söz, tekst, şekil, sifrli maglumat, grafikler tablisalar we ş.m. görnüşlerde bermekdir.
Informasiýa giň manyda – bu umumylmy düşünje, ol adamlaryň arasynda maglumatlary alyşmagy, janly we jansyz tebigatda signal alyş-çalşygy aňladýar.
Informasiýa bu bizi gurşap alýan dünýädäki obýektler we hadysalar we olaryň parametrleri, häsiýetleri we ýagdaýy baradaky maglumatlar bolup, olar hakyndaky kesgitsizligiň derejesini, bilim ýetmezçiligini azaldýar.
Maglumatlara bellikler ýa-da gözegçiligiň netijeleriniň ýazgysy hökmünde garamak bolar. Haçan-da ulanylanda bu maglumatlar informasiýa öwrülýär.
Hünärmenler adam ähli informasiýanyň 90%-den köprägini görmek arkaly (görüş seljermesi) kabul edýär, diýip kesgitleýärler. Bilşimiz ýaly bu informasiýany gün ýagtylygy (emeli ýagtylyk) berýär, sebäbi garaňkyda biz hiç zady görmeýäris.
Emma ýagtylyk düýbünden başga zat, radiotehnikada modulýasiýa (amplituda, ýygylyk ýa-da faza) ady bilen belli bolan elektromagnit tolkunlary ýaly, ol kodlama arkaly informasiýany geçirýär.
Informasiýa dürli formada bolup biler: tekst, ses, radiotolkuny we ş.m.
Fiziki ulylygyny üýtgedýän informasiýany material göterijä signal diýilýär.
Harplar, sifrler, belgiler signallaryň görnüşleri bolup biler. Olaryň toplumy bilelikde seredilýän sistemada elipbiýi emle getirýär. Signaly äkidýän gurşawa aragatnaşyk kanaly diýilýär.
Bizi näme gurşap alýan bolsa olaryň hemmesi informasiýadyr. Kompýuter üçin informasiýa – nollaryň we birlikleriň yzygiderligidir. Şeýle sifrleriň biri bit diýlip atlandyrylýar. Bir bitiň kömegi bilen iki ýagdaýy (warianty) Meselem: 0 – ýok,
1 – hawa ýa-da 0 – gara, 1 – ak reňk. Wariantlaryň köp bolmagy üçin bitler birikdirilýär, n bitden 2n warianty düzmek bolýar. Eger-de 8 bit birleşdirilse, onda informasiýanyň täze ölçeg birligi: 1 baýt alnar (1 baýt=8 bit). Bir baýtyň kömegi bilen 28=256 warianty bermek bolar. Bu bolsa türkmen, iňlis setir we baş harplaryny, sifrleri we ýörite belgileri kodlamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde 1 baýt = 1 simwol, diýmek, klawiatura arkaly 1 simwol girizilende 1 baýt informasiýa girizilýär. Uly möçberli informasiýany ölçemek üçin has uly informasiýa birlikleri ulanylýar:
1 Kbaýt =1024 baýt;
1 Mbaýt = 1024 Kbaýt = 1 048 576 baýt;
1 Gbaýt = 1024 Mbaýt = 1 073 741 824 baýt;
1 Tbaýt = 1024 Gbaýt = 1 09 9 511 627 776 baýt.
Informasiýa giň manyda hakyky dünýäniň şekillendirmesi, dar manysynda
informasiýa – bu saklamagyň, ibermegiň we özgertmegiň obýekti bolup bilýän islendik maglumatdyr.
Informasiýa – çözgüt kabul etmäge gymmatly maglumatlardyr we bilimlerdir.
Haýsy bolsa-da bir meseläni çözmek üçin (maksada ýetmek üçin)”Kabul edijä” (adama, adamlar toparyna, adam-maşyn sistemasyna) obýekt baradaky ähli peýdaly maglumatlar informasiýa bolup biler. Eger-de berlen maglumat ulanarlyk däl bolsa onda ol informasiýa däldir.
”Informasiýa” düşünjesi ”Maglumat” düşünjesi bilen berk baglanyşyklydyr.
Maglumat – informasiýany almak üçin ”çig maldyr”. Şol bir maglumatlar dürli adamlar üçin dürli informasiýalary berip biler. Matematiki mazmunly kitap matematik üçin örän peýdaly informasiýalar bolup biler. Emma, beýleki bilim ugurlary boýunça meselem, filolog ýa-da taryhçy üçin düşnüksiz bolup, bu kitabyň mazmuny (formulalar, teoremalar, subutnamalar) maglumatlar toplumy görnüşinde kabul edilip, bu hünärmenler üçin hiç-hili informasiýa bermez.
Maglumaty haýsy-da bolsa bir material göterijide; kagyzda, kompakt-diskde, magnit diskde saklamak bolar. Maglumatlary dürli tehniki gurluşlaryň kömegi bilen işläp taýýarlamk mümkin. Olar başga formalara: toparlaşdyrylan, tertipleşdirilen görnüşlere özgerdilip bilner. Mysal üçin mekdep okuwçylary baradaky maglumatlary kompýuteriň gaty diskinde maglumatlaryň bazasy hökmünde saklamak mümkin. Bu maglumatlary dürli görnüşde täzeden işläp bolar (synplary, elipbiý tertibi, okuwçylaryň jyns aýratynlyklary boýunça).
Maglumatlar informasiýa öwrülip bilýär, haçan-da olar adamy gyzyklandyran wagtynda şonda we diňe şonda. Adam maglumatlardan peýdalanmagyň (baha bermek, seljermek) netijesinde belli bir çözgüde gelmek arkaly informasiýa eýe bolýar. Şeýlelikde maglumatlary haýsy bolsa-da bir predmet baradaky bilim kesgitsizligini azaltmakda ulanylmak mümkinçiligi bar bolsa, onda bu maglumatlar informasiýa öwrülýärler. Şonuň üçin ulanylýan maglumatlara informasiýa diýip tassyklamak bolar.
Informasiýany ölçemek mümkin. Belli bolşy ýaly kompýuteriň ýadynda informasiýa maglumatlar formasynda bolýar we informasiýa ikilik razrýadlaryň (bitler) mukdary bilen ölçenýär.
Adamzat müňýyllyklaryň dowamynda ägirt uly informasiýalar goruny döredipdir, şol gor biziň günlerimizde hem baýlaşmagyny dowam edip gelýär. Häzirki wagtda informasiýanyň möçberi her iki ýyldan iki essä golaý köpelýär.
Gazetden ýa-da Görogly eposyndan ýa-da Eýnşteýniň nazaryýetinden alnan 100 harpdan ybarat jümle şol bir takyklykda deň informasiýanyň mukdaryny saklaýar. Informasiýanyň mukdarynyň şeýle kesgitlenişi ýokary derejede peýdalydyr we amatlydyr.
Informasiýany diňe bir tehniki adalga hasaplamak bolmaz, bu fundemental filosofik kategoriýadyr, ol ýatda saklamaklyk, özgertmeklik, ýerine ýetirilmeklik (diňlenmek), öçürmeklik häsiýetlerine eýedir. Informasiýa düşünjesine informasiýa nazaryýetinde aşakdaky kesgitlemäni bermek bolar.
Informasiýa – giňişlikde we wagtda ibermek göz öňünde tutulan material dünýäniň obýektleri we hadysalary baradaky maglumatlaryň (habarlaryň) toplumydyr. Informasiýa habarlar görnüşinde signallaryň kömegi bilen geçirilýär.
Habar – dürli fiziki tebigatly signallaryň kömegi bilen informasiýanyň çeşmesinden ony kabul edijä ibermek üçin kesgitli formada aňladylýan informasiýadyr. Telegramma, fototelegramma, gürrüň, telewizion şekil, kompýuterde alnan maglumat we ş.m. dürli baglanyşyk kanallary arkaly iberilýän, şeýle hem obýektlerden iberilýän (çykýan) dürli fiziki tebigatly signallar habar bolup biler.
Signal islendik fiziki proses görnüşindäki informasiýany material göteriji bolup, onuň parametrleri habary barabar şöhlelendirýär. Fiziki tebigaty boýunça elektrik, akustiki, optiki signallar bolup biler.
Informasiýa aşakdaky häsiýetlere eýedir:
ygtybarlylyk – informasiýa işiň hakyky ýagdaýyny şekillendirýän bolsa ol ygtybarlydyr;
dolulyk – eger informasiýa düşünmäge we çözgüt kabul etmäge ýeterlik bolsa onda ol doludyr;
peýdalylyk – informasiýanyň peýdalylygy onuň meseläni çözmekde zerurlygyna, şeýle hem gelejekde adamyň işinde näderejede peýdalanyljakdygyna baglydyr;
öz wagtyndalyk – diňe öz wagtynda alnan informasiýa garaşylýan peýdany berip biler;
düşnüklilik – informasiýa kime niýetlenen bolsa, şonuň dilinde aňladylanda düşnüklidir;
elýeterlilik – informasiýa elýeterli (kabul ediliş derejesi boýunça) formada berilmelidir;
gysgalyk – şol bir sorag boýunça informasiýa gysga beýan edilmelidir (artykmaç detallar bolmaly däl).
Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05845 sek. ýüklenen baýt: 41878