Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kanada
Ýazylan wagty: 12 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Kanada
Kanada – Demirgazyk Amerikada ýerleşen döw­let. Tut­ýan meýdany – 9 984 670 inedördül km (dün­ýäde ikinji ýer­de). 2012-nji ýylyň ilat ýazuwynyň mag­lumatlaryna gö­rä, ilatynyň sany 35 mln adam çemesi. Paýtagty – Ottawa.
XX asyryň II ýarymyn­da Ka­na danyň syýasy ösüşi. Kanada – Britan
Arkala­şygynyň düzümine girýär. Iňlis şazenany resmi döwlet baştutany hasaplanýar. Şazenan Kanadanyň premýerministri bilen maslahatlaşyp, bu ýere general‑gubernator belleýär. Kanada 10 sany awtonom welaýatdan we 3 sa ny merkeze tabyn bolan demirgazyk ýerlerinden durýar.
Kanadanyň awtonom welaýatlarynyň hukuklary dünýäniň beýleki federasiýalarynyňkydan has ýokarydyr.
XX asyryň ikinji ýarymynda Kanadanyň syýasy durmuşynda konserwatiw we liberal partiýalary esasy rol oýnadylar. Olaryň arasynda liberallar köplenç saýlawlarda ýeňiş gazanyp, hökümete ýolbaşçylyk etdiler.
Öň Kanadanyň general-gubernatory Angliýadan iberilýärdi. 1952-nji ýylda Kanadanyň general-gubernatorlygyna ilkinji gezek kanadaly Winsent Messi bellenildi.
Kanada Ikinji jahan urşundan soň Beýik Britaniýanyň, soňrak ABŞ-nyň täsirinde boldy. Emma Kanada syýasy we medeni garaşsyzlygyny berkitmäge gönükdirilen syýasaty alyp bardy. Netijede, Beýik Britaniýa tarapyndan bel lenilýän general-gubernator döwletiň dolandyrylyşynda öňki ähmiýetini ýitirdi. Indi ol iş ýüzünde ýurduň syýasy durmuşyna goşulmaýar.
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 апреля 2019

«Kanada» sözi ilkinji gezek 1535-nji ýylda fransuz deňizde ýüzüjisi Jak Kartýe tarapyndan ulanylypdyr. Häzirki Kwebek şäheriniň golaýyndaky Stadakon atly indeý obasynyň ilaty öz taýpalaryna degişli ýerleri şeýle atlandyrýan ekenler. Soňabaka bu adalgany fransuzlar özleriniň mukaddes Lawrentiý derýasynyň ugrundaky bakna mülklerini atlandyrmak üçin ulanypdyrlar. Planetamyzyň tokaýlarynyň 10%-i Kanadada ýerleşýär. Ýurduň gury ýer çäginiň 45%-i tokaýlar bilen örtülendir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06105 sek. ýüklenen baýt: 30643