Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýewropa
Ýazylan wagty: 12 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Finlýandiýa entek Russiýanyň düzüminde mahaly, 1906‑njy ýylda dünýäde aýallara ilkinji saýlaw hukugyny
beren ýurtdur.
Şwesiýa dünýäde ilkinji bolup 1776-njy ýylda Konstitusiýasyna metbugat azatlygy hakda maddany girizen ýurtdur.
Şwesiýa 200 ýyllap dünýäde uruşlara, dawa-jenjellere goşulman, bitaraplygyny saklap gelýär.
Alfred Nobel (1833–1896)– şwed himigi, inženeri, dinamiti oýlap tapyjy, Nobel baýragyny esaslandyryjy.
XXI asyrda Şwesiýada familiýalar 1986‑njy ýylyň kanuny boýunça düzgünleşdirilip, çaga kakasynyň däl‑de, ejesiniň familiýasy berilýär.
Şwed stoly – bütin dünýäde kabul edilen skandinaw däbi.
Onuň köki gadymdan gelýär. Skandinaw halklary uzak möhletleýin zaýalanman saklanýan naharlary – kakadylan balygy we eti, ösümlik köklerini we bakja önümlerini uly jamlarda saçaga goýupdyrlar. Gelen myhman, öz islegine görä, halan zadyndan geregini alyp, saçagyň başyna geçipdir. XX asyrda bu iýip-içmek dessury dünýäde däbe öwrüldi.
Norwegiýa – gadym yskandinaw dilinde ýurduň ady Norðrvegr – «Demirgazyga tarap ýol» diýmegi aňladýar.
Norwegiýada buthana döwletden aýry däldir. Kanuna laýyklykda, korol we ministrleriň ýarpysy lýuterançylyga ynanmalydyr.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 апреля 2019

Belgiýa, Niderlandlara, Lýuksemburga birinji bogunlary gysgaldylyp, Benilýuks ýurtlary diýilýär. Islandiýa (isl. Ísland [‘islant] – «Buzlaryň ýurdy» ýa-da «Buzly ýurt» diýmegi aňladýar. Reýkýawik – dünýäniň iň demirgazyk, Ýewropanyň iň günbatar paýtagtydyr. Lýuksemburg – nemes dilinden terjime edilende «lucilinburch» – «Kiçi şäher» diýmekdir. Awstriýanyň ady gadymy «Österreich» diýen nemes sözünden gelip çykyp, «Gündogar ýurdy» diýmegi aňladýar. Nabucco – Hazar we Ýakyn Gündogar sebitiniň gazy­ny Ýewropa eltmek taslamasy. Ol Türkiýäniň gündogar serhedinden başlap Awstriýanyň Baumgarten şäherine çenli 3300 km uzap gider.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15110 sek. ýüklenen baýt: 30796