Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Fransiýanyň ykdysady kuwwaty
Ýazylan wagty: 12 апреля 2019 Ýazan Mayichka
XXI asyrda Fransiýanyň ykdysady kuwwaty.
Fransiýa – ýokary derejede ösen senagat-oba hojalyk ýurdy.
2013-nji ýylda bolsa JIÖ-niň görkezijisi boýunça (2,739 trln dollar) Fransiýa dünýäde 9-njy orny eýeledi. 2009-njy ýyl­da Fransiýa senagata goýulýan daşary ýurt maýa goýumlary boýunça Ýewropada 1-nji ýeri eýeledi.
Fransuz kompaniýalary kosmonawtika, uçar gurlu­şy gy, har­by-senagat toplumlarynda öňdebaryjy tehnologiýa la­ry bilen dünýä meşhurlygyny gazandylar. Fransiýa Ýew­ropada iň ýokary hilli ýolagçy uçarlaryny öndürýär.
Fran­siýa Ýewropada Germaniýadan soň ulag öndürmekde 2-nji ýerde durýan döwletdir. «Reno» we «Pežo» («Sitroen» ola­ryň soňkusynyň düzümine girýär) dünýä bel­li fransuz awto­ulag öndürijileridir. Fransiýa ulag-kommunikasiýa ulga­mynyň ösen ýurdy. Ýurtda ýokary tizlik­li demir ýol ulagla­ry hereket edýär. La-Manş bogazynyň aşagyndan suw­asty ötük arkaly ýokary tizlikli otlular Angliýa gatnaýar.
Ol konýakdyr çakyrlary, şeýle-de peýnirleri bilen meşhurdyr. Fransiýa – şampan içgisiniň watany. Ol gallany eksport edýär. Fransuz egin-eşikleri, aýakgaplary, gymmat bahaly şaý-sepleri, parfýumeriýa we kosmetika önümleri dünýä bazarlarynda uly meşhurlyk gazanan we isleg bildirilýän harytlardyr.
Fransiýa – halkara syýahatçylygynyň ösen ýurdy. Orta ýer deňziniň kenarlarynda deňiz şypahanalarynyň ençeme si bar. Ol ýurda gelýän syýahatçylaryň sany boýunça dün ýäde birinjiligi eýeleýär. 2012-nji ýylda bu ýurda 83 mln sy­ýahatçy gelip-gidipdir. Syýahatçylykdan ol her ýyl 43–44 mil­liard dol­lar ($) girdeji gazanýar.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 апреля 2019

Žan Monne (1888–1979) – fransuz ykdysat çysy we maliýeçisi. Ýewropada kömrüň we poladyň birleşmesi ba radaky Pariž ylalaşygyny (European Coal and Steel Community) baglaşmagyň gözbaşynda duran adam. Günbatar Ýewropa utgaş masyna goşan goşandy üçin ol «Ýewropanyň atasy» adyny aldy. «Forbes»-iň maglumaty boýunça dünýäniň ilkinji 20-ligine girýän kompaniýalaryň arasynda iri fransuz kompaniýasy bolan «Total» hem bar. Parižiň Şarl de’Goll adyndaky howa menzili 2010-njy ýylda Ýewropada ýük dolanyşygy boýunça 1-nji, ýolagçy gatnatmakda 2-nji ýerde durdy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09030 sek. ýüklenen baýt: 31047