Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Beýik Britaniýa
Ýazylan wagty: 12 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Beýik Britaniýa
Beýik Britaniýa Günbatar Ýewropada ýerleş­ýär. Tutýan meýdany – 243 809 inedördül km. Ilaty – 2013 - nji ýylyň maglumaty boýunça 63,3 mln adam. Paýtagty – London.
10-njy synpda öwrenişiňiz ýaly, konserwatorlar 1979– 1997-nji ýyllarda Beýik Britaniýany 18 ýyl­lap dolan­dyryp dylar. Tetçerden soňra konserwatorlar parti­ýasy­nyň meş hurlygy pese gaçyp başlady. Şonuň üçin 1997-nji ýylyň maý aýyndaky saýlawlarda olar ýeňildi. Häkimiýete leýboristler partiýasy geldi. Onuň ýolbaşçysy Entoni Bleýeriň ýolbaşçylygynda hökümet düzüldi.
Entoni Bleýer 1953‑nji ýylda doglan. Oksford uniwersitetini tamamlap, hukukçy hü­nä rini aldy. Paýtagta göçüp gelip, ýuridiki firma­da işledi. 1983‑nji ýylda leýboristler partiýasy­nyň adyndan par­lamente deputatlyga saýlandy.
E. Bleýer parti­ýa durmuşynda kärdeşler arka laşyklarynyň tä­sirini çäklendirmegiň, olaryň işewürler bilen yla­laşykly syýasatyň tarapdarydy. 1994-nji ýylda par­tiýanyň öňbaşçysy saýlanýar. 1995-nji ýyl­da onuň teklibi bilen leýboristler partiýasy «Täze leý­bo­rizm» we «Üçünji ýol» syýasatyny saýlap alýar. 1997–2007‑nji ýyl­larda ýurduň premýer-ministri boldy.
Leýboristik partiýa öň işçileriň bähbidine gulluk ed ýärdi. Bleýer ony demokratik we sosialistik partiýa diýip jar etdi. Partiýanyň gyzyl baýdagynyň ýerine gyzyl bägül nyşan edilip alyndy. Leýboristler millileşdirmek syýasatyndan el çekdiler. Leýboristleriň ilkinji ädimi konserwatorlaryň öň inkär eden Ýewropa sosial hartiýasyna gol çekmegidir.
E. Bleýer öz syýasy maksatnamasyny «Täze leýborizm», ýa-da «Üçünji ýol» diýip atlandyrdy.
Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 апреля 2019

Beýik Britaniýanyň daşary syýasaty. Harby-syýasy babatda Beýik Britaniýa ABŞ-nyň iň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýar. Ol NATO-nyň agzalarynyň köpeldilmeginiň we täsiriniň artmagynyň tarapdarydyr. Beýik Britaniýa NATO-nyň Owganystanda, Yrakda, Ýugoslawiýada geçiren harby hereketlerine gatnaşdy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13225 sek. ýüklenen baýt: 30680