Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HIMIKI MADDALARYŇ TOKSIKI HÁSIÝETLERI
Ýazylan wagty: 12 апреля 2019 Ýazan Mayichka
HIMIKI MADDALARYŇ TOKSIKI (ZÄHERLI) HÄSIÝETLERI
Häzirki wagtda adamzada 10 milliondan gowrak himiki maddalary bellidir. Olardan 60 müňden gowragy medisinada, hojalykda, önümçilikde we oba hojalygynda giňden peýdalanýar. Olaryň mukdary ýyl-ýyldan artýar (her ýylda 1000-e golaýy) we onuň uly bölegi belli bir şertlerde saglyga zyýanly täsirini ýetirip bilýär. Adamzat tarapyndan toplanan bilimiň şeýle fakty bilmäge getirdi, ýagny dürli himiki maddalaryň ählisi diýen ýaly olaryň mukdarynyň täsirine görä organizm üçin zyýanly ýa-da peýdaly täsir etmeýän bolup bilýärler. Ilkinji bolup, ony XV asyrda belli lukman we himik Teofrast Bombast fon Gogengeým (Parasels) belledi. Ol özüniň beýanynda zäherlenme getirýän zäherler barada (metalyň duzlary bolup, olary derman hökmünde ulanypdyr) şeýle diýdi:
“Ähli zat zäher we hiç zat zäherleýjilik ukybyndan mahrum däldir we diňe doza zäheri dermanlardan tapawutlandyrýar”.
XIX asyryň başlarynda toksikologiýa ylmynyň esasy daýanjy bolan Moteo Joze Bonawenturo Orfile (1814ýý) şeýle belläpdir: “Zäher – bu az mukdarda-da janly organizmler bilen täsirleşmesinde saglygynyň bozulmagyna ýa-da ömrüň gutarmagyna getirýär.”
Şeýle-de ýüz ýylyň geçmegine garamazdan zäherleri anyklanan, toksikologiýanyň professory bolan D.P. Kosorobow (1907) şeýle aýdypdyr: “Zäherler diýip, adam organizmine az mukdarda düşýän we özüniň himiki düzümine görä saglyga ýetirip bilýän ýa-da ölümiň özüne getirýän maddalar.”
Şeýlelik bilen, toksikologiýanyň esasy merkezi düşünjesi bolup, zyýanly maddalar barada düşünje hasaplanýar. Himiki maddalar zäherleýjilik düzümine eýe bolup, olaryň biologiki ulgamlar bilen özara gatnaşygy otrisatel netijeleri ýüze çykarýar.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 апреля 2019

XVIII-XIX asyrlarda himiýanyň ösmegi, şol döwürlere çenli özüniň syrly ähmiýetini ýitiren zäherler baradaky ylmyň ösmegine itergi berdi. Bu ylym maddalaryň gurluşyny we häsiýetlerini öwrenmäge daýanyp başlady. XX asyryň ylmytehniki we senagat rewolýusiýasy maddalaryň adam organizmine täsir edýänligi sebäpli dürli meseleleriň ýüze çykýanlygyny aýratyn görkezdi. Adamyň ylmy we hojalyk döredijiligi häzirki wagtda köpüsi öňler biziň biosferamyza häsiýetli däl millionlarça himiki birleşmeleriň adama we gurşap alan gurşaw täsir etmegine getirdi.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06307 sek. ýüklenen baýt: 31174