Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Nesimi
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Bir gezek Halap şäherinde bir ýigit uly iliň öňünde Nesiminiň şygyrlaryny okapdyr. Şygyrlaryň manysy ruhanylara ýaramandyr.
Ýigidi derrew tussag edipdirler. Nesimini paş etmejek bolup, ol ýigit şygyrlary özüm ýazdym diýipdir. Ruhanylar ony dardan asmak kararyna gelipdirler. Edil şol mahal Nesimi bir ädikçä köwşüni bejerdip oturan eken. Ýokarky wakany eşiden Nesimi dar agajynyň astyna baryp, okalan şygyrlaryň özüniňkidigini aýdypdyr. Ýigidi boşadypdyrlar. Şahyryň hurufydygyny bilen mollalar onuň diriligine derisini soýmaga pitiwa beripdirler. Ölüm jezasyndan bitjik-de gorkmadyk Nesimi şol pursatda-da “Enel ─ Hak” ─ “Men ─ Hudaý” sözüni gaýtalap durupdyr. Şonda mollalar hanjaryň tygy ýüregine ýetip, reňňi saralan şähyrdan “Eger sen Hudaý bolsaň, näme üçin meňziň solup-saralyp barýar?” diýip, gyjytly sorapdyr. Şahyr: “Men yşgyň Güneşiýem, Güneş-de ýaşjak bolanda, solýandyr” diýip jogap beripdir.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12160 sek. ýüklenen baýt: 28977