Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Eýerjeňli goşma sözlemler
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Eýerjeňli goşma sözlemler
Biri beýlekisine garaşly, tabynlyk gatnaşygyndaky ýönekeý sözlemleriň mazmun hem grammatik taýdan birleşmeginden emele gelen goşma sözleme eýerjeňli goşma sözlem diýilýär.
Eýerjeňli goşma sözlemiň düzümindäki ýönekeý sözlemleriň diňe birisi baş pikiri aňladýar, beýlekisi onuň belli bir bölegini ýa-da ony bitewilikde aýyklap, mazmun hem grammatik taýdan oňa eýerip gelýär. Olaryň baş pikir aňladýany baş sözlem, oňa eýerip gelýäni bolsa eýerjeň sözlem atlandyrylýar. Meselem:
Il-halkyň bir iş tutsa, Sen ondan galyjy bolma (Magtymguly).
Bu sözlem gurluşy taýdan eýerjeňli goşma sözlemdir. Onuň düzüminde iki sany ýönekeý sözlem bar:
1. Il-halkyň bir iş tutsa, ─ eýerjeň sözlem.
2. Sen ondan galyjy bolma ─ baş sözlem. Bu sözlem aýratynlykda hem gutaran oý-pikir aňladýar. Onuň “Il-halkyň bir iş tutsa” bölegi baş sözlemi aýyklap, iş-hereketiň ýüze çykmagynyň şertini görkezip gelýär. Öz eýe-habarynyň bardygyna garamazdan, goşma sözlemiň bu bölegini gutaran oý-pikir aňlatmaýandygyna görä aýratynlykda ulanyp bolmaýar. Baş sözleme eýerip gelşi nazarda tutulyp, oňa eýerjeň sözlem diýilýär.
Eýerjeň sözlemler köplenç, baş sözlemden öň gelýärler.
Meselem:
Gün ýaşmanka, biz ýetişdik.
Eýerjeň sözlem baş sözlemiň içinde hem gelip bilýär. Bu ýagdaýda eýerjeň sözlemiň iki tarapyndan hem otur goýlup, ol baş sözlemden tapawutlandyrylyp ýazylýar. Meselem:
Kakamyz, men çagakam, mekdepde işleýärdi.
Eger eýerjeň sözlem baş sözlemiň habarynyň öň ýanyndan gelse, eýerjeň hem baş sözlemler intonasiýa taýdan goşulyp aýdylýar.
Bu ýagdaýda iki habaryň arasyna otur goýulmaýar. Meselem:
Biz ertir gezelenje howa sowuk bolsa-da gideris.
Gün biz oba gelenimizden soň ýaşdy.
Şahyrana eserlerde, gepleşikde eýerjeň sözlemiň baş sözlemden yzda gelşine-de duşulýar:
Goç ýigidiň ady çykmaz,
Döwleti-maly bolmasa.( Magtymguly)
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07099 sek. ýüklenen baýt: 30217