Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Hasyl paýlaşygy
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Hasyl paýlaşygy
Şeýtan Aldar kösäni nähili bolsa-da bir ahmal goýup, aldajak bolup, onuň bilen birlikde daýhançylyk etmegi ýüregine düwüpdir.
Bular özara razylaşyp, güýzlük sogan ekipdirler. Sogan mazaly gögerip ýetişensoň, Aldarköse şeýtana:
“Dost, hasyly, gel, şu wagtdan paýlaşyp goýaly” diýipdir.
Şeýtan:
“Men ýeriň ýüzündäki ýaşyny aljak” diýipdir.
Aldarköse bolsa:
“Maňa ýeriň astyndaky galany-da bolýar” diýipdir. Hasyly ýygan wagtlarynda şeýtan utulanyny bilipdir.
Sogandan ahmyrly galan şeýtan Aldarköse bilen bu ýyl hem bir iş salşyp görmek gerek diýip, ýene bile ekin ekmäge gelipdir. Bu ýyl bular jöwen ekipdirler. Jöwen gögerip ýetişiberende, şeýtan Aldarkösä:
“Bu ýyl ýeriň astyndakysyny men aljak” diýipdir.
Onda Aldarköse:
“Dogry aýtdyň, bu ýyl sen ýeriň astyndakyny almaly” diýipdir. Hasyl ýyglanda, Aldarköse joweniň dänesini we palajyny alypdyr, şeýtana bolsa köki hem tommugy galypdyr. Şeýtan ýene özüniň utulanyny bilipdir.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05615 sek. ýüklenen baýt: 29134