Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Biofizikanyň beýleki ylymlaryň arasynda tutýan orny
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Biofizikanyň beýleki ylymlaryň arasynda tutýan
orny.
Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, biofizikanyň gazananlary biologiýanyň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Janly-jandarlaryň bedeninde bolup geçýän dürli fiziologik hadysalaryň nähili amala aşyrylýandygyna düşünmek biologiýanyň jümmüşine fizika aralaşmazdan asla mümkin bolmady. Bu ýagdaýlary, hadysalary diňe bir uguryň, diňe bir ylmyň düşündirip geçmekden ejiz gelýändigini bellemelidiris.
Şonuň üçin hem ylymlar biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, olary mümkin boldugyça ählitaraplaýyn düşündirmäge çalyşýarlar. Biofizika bilen biologiýadan başgada, himiýa, matematika, taryh hem gyzyklanýar. Olaryň özara gatnaşyklaryna durmuşda häli-şindi göz ýetirmek bolýar.
Biofizikanyň gysgaça ösüş taryhy. Biofizika ylym
hökmünde XIX asyrda kemala gelip başlady. Şol döwürde köpsanly fiziologlar biofiziki barlaglaryň obýektleri bolup hyzmat edýän meselelriň üstünde işläpdirler. Meselem, meşhur fiziolog I.M.Seçenow şu ugur boýunça täze işläp ugrapdy. Ol fiziki himiýanyň we matematikanyň usullaryndan peýdalanyp, dem alyş hadysasynyň geçişini öwrendi, biologik suwuklyklarda gazlaryň ereýşiniň mukdar kanunlaryny düzdi.
Onuň döwürdeşi görnükli fizik Gelmgols (H.Helimholt) hem termodinamikanyň meseleler toplumynyň üstünde işleýärkä, janly ulgamlaryň energetikasyna düşünip ugraýar. Ol özüniň eksperimental işinde görejiň wezipesini düýpli öwrendi, şeýle hem nerw boýunça gyjynmanyň geçiriliş tizligini ölçedi.
Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09745 sek. ýüklenen baýt: 29787