Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
T ERMODINAMIKA – ENERGIÝA
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Janly ulgamlar (sistemalar) açyk ulgamlardyr we deňagramsyzlyk ýagdaýynda bolýarlar. Muny ilkinji bolup biolog Bauer şeýle beýan edipdi: ―janly materiýanyň deňagramsyzlyk ýagdaýy, şonuň netijesinde işe ukyplylygynyň hemişelik saklanmagy janly materiýanyň molekulýar strukturasyna şertlenýär, janly sistema tarapyndan amala aşýan işiň çeşmesi bolup hem molekulanyň ýagdaýyna baglylykda şol molekulýar struktura häsiýetli bolan azat energiýa hyzmat edýär». Açyk sistemalaryň termodinamikasyndaky soňraky açyşlar Bertalanffyň, esasan-da Prigožiniň we onuň okuwçylarynyň işleri bilen baglanyşyklydyr.
Termodinamikadaky ulgamlar (sistemalar) hakynda
umumy düşünje. Organizmde bolup geçýän himiki reaksiýalar termodinamiki açyk ulgamy (sistemany) emele getirýärler.
Termodinamika – energiýanyň çalşygy we öwrülişigi hakyndaky ylymdyr.
Termodinamiki usullar hem öz gezeginde statistik usullara esaslanýar. Meselem, haýsy-da bolsa bir molekulanyň temperaturasyny ýa-da basyşyny göz öňüne getirmeklik mümkin däl. Sebäbi, bu termodinamiki parametrler ägirt uly makrosistemany düzýän örän köp molekulalaryň özara hereketini aňladýar. Termodinamika ol ýada beýleki hadysanyň tebigatynyň ýa-da mehanizminiň nähilidigine jogap berenok.
Ol diňe şeýle hadysanyň bolup biljekdiginiň mümkindigine, onuň energetikanyň nukdaý nazaryndan hakykatdygyna güwä geçip bilýär. Bu bolsa, biologiýa üçin örän wajyp bolup, janly sistemalar öwrenilende informasiýa (habarlar) nazaryýetinden hem ugur alýar we ony giň gerim bilen ulanýar.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 апреля 2019

Termodinamikanyň I kanuny, onuň bioulgamlara ulanylyşy. Gessiň kanuny. Ulgamyň işe bolan ukyby nula (0) deň bolan halatynda şol ulgamda termodinamiki deňagramlylyk ýagdaýy ýüze çykýar. Ol bu ýagdaýdan diňe daşky gurşawdan gelýän energiýanyň hasabyna çykyp biler. Şeýlelikde, termodinamikanyň birinji kanuny ýüze çykýar, ýagny ol sistemanyň bitirýän işi şol sistema goýberilýän ýylylyk bilen onuň içki energiýasynyň üýtgemesiniň tapawudyna deňdir.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07408 sek. ýüklenen baýt: 30782