Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Biologiki hadysalaryň kinetikasy
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Biologiki hadysalaryň kinetikasy – bu organizmdäki hadysalaryň wagt birliginde geçişiniň kanunalaýyklygyny we mehanizmini öwrenýär. Islendik organizmdäki öýjükleriň we dokumalaryň düzümindäki maddalaryň öwrülişiginiň tizligi hem-de yzygiderliligi ýaşaýyş prosesiniň kadaly geçmegini regulirlemekde (sazlamakda) esasy rol oýnaýar. Ozaldan belleýşimiz ýaly, organizm daşky sreda bilen energiýasyny we maddasyny çalyşýan açyk sistema, şol sebäpli hem organizmdäki madda çalşyk prosesleri utgaşykly reaksiýalary çylşyrymly sistemasyny emele getirýär. Olar yzygiderli, parallel, aýlawa gabalan bolup biler.
Biologiki sistemada azat energiýa has-da tygşytly harçlanylýar. Ol ýa-da beýleki reaksiýalaryň arasynda haýsysynyň üstünlikli amala aşyryljakdygy azat energiýa arkaly kesgitlenilýär. Munuň üçin bolsa, reaksiýalaryň geçişiniň kinetiki şertleri wajyp ähmiýete eýedirler. Janly organizmlerde reaksiýanyň geçişiniň tizligi esasan şu aşakdaky şertlere daýanýar; 1) katalizatorlaryň (fermentleriň) bolmagyna; 2) ingibitorlara we reaksiýanyň ösüşiniň strukturasyna; 3) biohimiki prosesleriň dürli ýollar arkaly geçmekligine.
Metobolizmde öwrülişiklere gatnaşýan dürli kompanentleri (n)-himiki birleşmeleri sistema salalyň. Her bir birleşme özüniň konsentrasiýasynyň ähmiýeti bilen häsiýetlendirilýär we ol wagtyň dowamynda üýtgäp biler.
dC 1 /dt = f1 (C 1 , C 2 , . . . , Cn,t) dC 2 /dt = f2 (C 1 , C 2 , . . . , Cn,t)
dCn/dt = fn (C 1 , C 2 , . . . , Cn,t)
bu ýerde: C 1 (t), . . . Cn(t) - wagtyň dowamyndaky näbelli funksiýa.
dCi/dt (i=1, . . ., n) -maddanyň konsentrasiýasynyň üýtgeýiş tizligi.
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05204 sek. ýüklenen baýt: 29819