Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Pikirlenmäniň görnüşlerini kesgitlemä psihologik çemeleşmäniň esaslary.
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Pikirlenmäniň görnüşlerini kesgitlemä psihologik çemeleşmäniň esaslary.
Taryhy - jemgyýetçilik ösüşde adamlar öz durmuşynda döreýän meseleleri ilki-ilkiler tejribe-synag iş arkaly çözüpdirler. Diňe amaly-tejribe işiň netijesinde soň-soňlar teoretik (taglymat) işi bölünip aýrylypdyr. Meselem: ilki durmuş adamy ilki başda tejribe usulda (ädimläp we ş.m.) ýer böleklerini ölçemekligi öwrenip, diňe şeýle işiň esasynda ýüze çykan düşünjeleriň esasynda geometriýa aýratyn teoretik ylym hökmünde döräpdir. Amaly we teoretik iş özara baglanyşyklydyr. ―Pikirleriň, düşünjeleriň , aňyň hasyl bolmagy ilkibaşda adamlaryň gönüden-göni maddy işi bilen we maddy baryş-gelişe bilen hakyky ýaşaýşyň dili bilen utgaşykly bolupdyr‖ – diýip marksizmiň esasyny goýujylar ýazypdyrlar.
Bu amaly işiň ilkinjidigini, teoretiki işiň bolsa ikinijidigini aňladýar.
Adamzat taryhynyň ösüşinde däl, eýsem her bir çaganyň psihiki ösüş ýagdaýynda ikinji nobatda sap teoretik iş däl-de amaly iş döreýär. Amaly işiň jümmüşinde ilki bilen çaganyň pikirlenmesi ösüp başlaýar. Mekdebe çenli ýaşyň öňsyrasynda pikirlenme esasan aýdyň – hereket görnüşde bolýar. Çaga şu döwürde, kabul edilýän obýektleri amaly böleklere bölüp, birleşdirmek esasynda, olary derňelýär hem-de sintezleýär. Şol sebäpli bilesigeliji çagalar, köplenç ―içinde näme barlygyny‖ bilmekleri üçin oýnawaçlary döwýärler.
Ýönekeý görnüşde aýdyň – şekil pikirlenme esasanda mekdebe çenli, ýagny 4-7 ýaşlarda döreýär. Pikirlenme tejribe-amaly hereketler bilen baglanyşykly saklansa-da ol edil öňki ýaly aýrylmaz, berk häsiýetde däldir.
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10111 sek. ýüklenen baýt: 29989