Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanda oda çydamly çig mallarynyň häsiýetnamasy
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Türkmenistanda oda çydamly çig mallarynyň häsiýetnamasy
Häzirki döwüre çenli Türkmenistanda oda çydamly önümleri çykarýan pudagy ýokdy, emma şeýlede bolsa Aşgabat şäheriniň S.A. Niýazow adyndaky aýna kombinatynda beýleki ýerlerden getirilýän çig mallardan aýna gaýnadyjy peçler üçin oda çydamly materiallar taýýarlanýardy. Döwlete ýylda 10-15 müň tonna oda çydamly alýuminosilikat önümleri gerekdir.
Ilkinji gezek oda çydamly çig malyň gözlegi Türkmenistanyň temperaturasynda (territoriỳasynda) 1942-1943 ýyllarda başlapdyr. Toýunlaryň himiki tehnologiki häsiýeti bilen esasan hem SSSR-iň ylymlar akademiýasynyň Türkmenistandaky filialynyň professor M.A. Bezborodowyň baştutanlygyndaky topary gözegçilik bilen meşgullanypdyrlar. Köýten-Dag daglarynda oda çydamly ýataklaryň ikisi tapyldy. Olar: maýyşgak däl slans toýunlarynyň Jardanak ýatagy we maýyşgak toýunyň Wandow ýataklary.
Türkmen Geologiki dolandyryş edarasynyň maglumatlary boýunça bu ýataklardaky zapaslaryň mukdary onlarça tonna barabardyr.
Jardanak we Wandow ýataklaryndaky toýunyň mineralogiki düzümi aşakdaky jedwelde görkezilen.
Jedwel 7
Minerallar
Mukdary % Jardanak Wandow Monotermit 70-80 40-50
Kaolinit 10-25 20-30
Kwars 3-4 20-25
Gidrobiotit, rubel, demiriň okisi 2-3 3-5
Organiki garyndylar 3-5 5-7
Öňünden geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu toýunlaryň (esasan hem Jardanak) şamot oda çydamly önümlerini öndürmek üçin gymmat bahaly tehnologiki häsiýetlere eýedigini görkezdi (görkezildi), emma himiki düzüminiň birmeňzeş däldigi üçin we toýunyň uly bolmadyk galyňlykda ýatmagy sebäpli (0,2-0,4 m) olary önümçilikde ulanmaklyk amatsyzdyr.
Oda çydamly çig mallaryň gözlegleri 70-nji ýyllarda dikeldildi. Gyzylgaýa ýataklaryndaky ilkinji kaolinleriň we Tüwergyr ýataklaryndaky ikileýin kaolin toýunlarynyň barlaglary geçirildi. Gyzylgaýa ýataklaryna kaolinlenen gum daşynda AI oksidiniň mukdary köp däldir we olar ýakylanda agramyny üýtgetýärler. Bu ilkinji kaolinlere mahsusdyr we onda gödek däneli kwars material agdyklyk edýär. Şeýle hem özünde 2%-e golaý demir saklaýar.
Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 апреля 2019

Oda çydamly we gurluşyk keramiki materiallary öndürmekde baýlaşdyrylmadyk görnüşinde ilkinji we ikilenji kaolinler ulanylýar. Käbir ýataklardaky ilkinji kaolinler ýarymturşy oda çydamlylary önümleri öndüdmekde, ikilenji kaolinler bolsa şamot önümlerini almak üçin ulanylýar. Oda çydamly materiallary öndürmekde çig mala görkezilýän ýeke-täk talaplar ýokdyr. Toýun çig malyna birnäçe standart pudaklar bardyr. Şonuň üçin aýratyn ýataklardaky baýlaşdyrylan kaolini we kaolin çig malyny şonuň üçin hem toýun çig malynyň hilini TDS 390-92 laýyklykda normatiw dokumentler bilen bahalandyrylýar. Ýagny TDS 390-92 ˝Umumylanylýan we köpçilikleýin öndürilýän oda çydamly şamot we ýarymturşy önümler˝.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05450 sek. ýüklenen baýt: 31967