Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýa okeanynda organizmleriň ýaşaýyşy
Ýazylan wagty: 14 апреля 2019 Ýazan Mayichka
Dünýa okeanynda organizmleriň ýaşaýyşy.
Dünýa okeanynda bolup geçýän proseslerde
organizmleriň orny örän uly we köp taraplaýyn. Suw
galynlygynda pelagial organizmler, deňiz düýplerinde bentos organizmleri ýaşaýarlar. Pelagial organizmleriň arasynda.
Planktony (suw gatlagynda passiw ýüzýänler) we Nektony (aktiw ýuzýänler) bölýärler. Bentosyň arasynda gruntyň üstünde ýaşaýanlary, grunta gomulýanleri we gruntyň özünde ýaşaýanlary bölýärler.
Ýagtylma derejesi ikinji nokatda ösümlikleriň ösmegine täsirini ýetirýär, çünki ýagtylyk energiýasy fotosintez üçin zerur bolýar. Maksimal ýagtylyk derejesi tropik we ekwatorial zolaklarda bolýar. Ýagtylyk energiýasynyň azalmagy ösümlikleriň ösmeklerini çäklendirýar, ol bolsa iýmtiň mukdaryny azaldýar we ýagtylanmagyň kompensasion nokadyň öndürilýan we ösümlikler tarapyndan ulanylýan organiki maddalaryň deňagramly nokady çuňlugyny üýtgedýär.
Käbir halatlarda ekwatoryň, arassa, asuda suwlarynda kompensasion nokat 100 m çuňlukda hem bolup bilýar örän seýrek düşýan hadysa.
Duzlylyk. Organizmler tebigy suwlaryň dürli derejelerdäki duzlylyklarynda ýasap bilýärler (300-320‰ (promille; 1‰=0,1%) çenli). Organizmleriň köpüsi suwlaryň duzlylygynyň 35-36% şertlerine uýgunlaşypdyrlar (ýagny “нормальный” – adaty, normal). Duzlylygyň üýtgemegi görnüş dürliliginiň çürt-kesik azalmagyna getirýär.
Temperatura. Üstki suwlaryň temperaturasy -1,5ºC-den 28ºC çenli (we ýokary) üýtgeýär. Çuňluklarda temperatura peselýär, +2,5ºC-den ýokary bolmaýar. Bu temperatura organizmler üçin howuply bolmaýar. Ýöne ösümlikleriň, we jandarlaryň köp bölegi ýyly suwlary oňat görýärler.
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
14 апреля 2019

Supralitoral – daşgynyň maksimal derejesinden ýokarda ýerleşýän we käwagytlar deňiz tolkunlarynyň syçrap ýetýän zolagy. Bu hakykatda deňiz bilen serhetleşýän gury ýer. Ol ýerde deňiz we gury ýer organizmleri galtaşýarlar. Litoral – daşgynyň we guýytgynyň maksimal derejeleriniň aralygynda ýerleşýän zolak. Zolagyň ulylygy dikligine daşgynyň beýikligi bilen kesgitlenýär (Ýewropa kenarlarynda – 7 m, Aziýa – 11 m, Afrika – 4,5 m, Demirgazyk Amerika – 8 m, Günorta Amerika – 6 m). Litoralyň ini daşgynyň beýikliginden we deňiziň düýbiniň ýapgytlygyndan bagey; adaty 10-15 m köp bolmaýar; kä ýerlerde ençeme km-e ýetýär. Bu zolakda ýaşaýan hemme organizmlere guraklyga, temperaturanyň durnuksyzlygyna jydamlylyk mahsus. Bu zolak çökündilere suwyň aktiw täsir edýän ýeri bolýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05344 sek. ýüklenen baýt: 31536